HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý işçi güýjüniň ýetmezçiligini rekord sany robotlar bilen öwezini dolýar

Oktýabr 07, 2025 | 17:00 |11519
Hytaý işçi güýjüniň azalmagyna jogap hökmünde senagat robotlaryny ulanmagy çalt depginde giňeldýär. Geçen ýylyň dowamynda önümçilik pudagynda takmynan 295 müň täze enjam ulanylyp başlanyldyHytaý işçi güýjüniň azalmagyna jogap hökmünde senagat robotlaryny ulanmagy çalt depginde giňeldýär. Geçen ýylyň dowamynda önümçilik pudagynda takmynan 295 müň täze enjam ulanylyp başlanyldy
Çeşme: grozny-inform.ru

Hytaý işçi güýjüniň azalmagyna jogap hökmünde senagat robotlaryny ulanmagy çalt depginde giňeldýär. Geçen ýylyň dowamynda önümçilik pudagynda takmynan 295 müň täze enjam ulanylyp başlanyldy. South China Morning Post gazetiniň maglumatlaryna görä, bu giň göwrümli ornaşdyryş ýurda gaýtadan işleýän senagatda ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny saklamagyna mümkinçilik berýär.

Hytaýyň ilaty 2022-nji ýyldan bäri azalyp başlady, we diňe geçen ýylda ilat sany 1,39 million adam azaldy. Bu demografik mesele iş berijileri awtomatizasiýa has işjeň ýüzlenmäge mejbur edýär.

Häzirki wagtda Hytaý senagat robotlaryny ulanmak boýunça dünýäde öňdebaryjy bolup durýar. Ýurtda 295 müň töweregi robot bar, bu bolsa olaryň dünýä boýunça umumy sanynyň 54%-ine barabardyr.

Sinhua uniwersitetiniň eksperti Gao Sýuýdunyň bellemegine görä, umumy ilatyň azalýandygyna garamazdan, robotlaryň giňden ornaşdyrylmagy we işçi güýjüniň bilimiň ýokarlanmagy Hytaýa bäsdeşlik ukybyny saklamaga kömek edýär.

Derňewçileriň çaklamalaryna görä, ýakyn geljekde gumanoid robotlar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda has giňden ulanylar. Şeýle-de bolsa, bilermenleriň pikiriçe, köpçülikleýin awtomatizasiýa geçişiniň hem öz kynçylyklary bar: enjamlaryň ulanylmagy elmydama arzan bolmaýar we adam güýjünden ýokary hil kepilini hem bermeýär. Bu kynçylyklaryň üstünlikli çözülmegi Hytaý senagatynyň doly robotlaşdyrmaga geçmegindäki esasy wezipeleriň biri bolup galýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026