HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa ösüşiň täze merkezine öwrülýär

Oktýabr 07, 2025 | 08:00 |28506
Merkezi Aziýa Ýewraziýanyň iň çalt ösýän sebitleriniň biri hökmünde öz ornuny berkidýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň bölüm müdiri Erwin Turgunow belleýär.Merkezi Aziýa Ýewraziýanyň iň çalt ösýän sebitleriniň biri hökmünde öz ornuny berkidýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň bölüm müdiri Erwin Turgunow belleýär.
Çeşme: yicaiglobal.com

Merkezi Aziýa Ýewraziýanyň iň çalt ösýän sebitleriniň biri hökmünde öz ornuny berkidýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň bölüm müdiri Erwin Turgunow belleýär.

Sebitde söwda gatnaşyklary giňeýär, senagat zynjyrlary ösdürilýär hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin döwrebap kadalaşdyryjy binýady döredilýär. Hazar deňzinden tä Tenşan daglaryna çenli uzalyp gidýän ulag geçelgeleri sebitiniň geljekki senagat kartasynyň esasyny düzýär.

1

«Russiýa – Merkezi Aziýa» sammitiniň öňüsyrasynda sebitiň ýurtlary infrastruktura, senagat, energetika we tehnologiýa ugurlaryna aýratyn ähmiýet berýärler.

Özbegistan we Gazagystan. 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlary aralygynda ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 15% ýokarlap, 3,03 milliard dollara ýetdi. Bilelikdäki taslamalaryň umumy bahasy 7 milliard dollardan gowrak bolup, Özbegistanda gazak maýaly 1 100-den gowrak, Gazagystanda bolsa özbek maýaly takmynan 5 500 kärhana hasaba alyndy.

2

Özbegistan we Täjigistan. 2025-nji ýylda Özbegistandan Täjigistana eksport edilýän harytlaryň möçberi iki sanly ösüş görkezidi. 2024-nji ýylda umumy ýük dolanyşygy 10 million tonna golaý boldy. «Duşanbe – Daşkent» ugry boýunça awia aragatnaşygy hem-de ýolagçy otly gatnawy dikeldildi. 100 million dollarlyk maýa goýumly bilelikdäki maýa goýum kompaniýasy döredildi.

3

Özbegistan we Türkmenistan. 2024-nji ýylda ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 1,14 milliard dollardan geçdi. «Şawat – Daşoguz» serhet hyzmatdaşlyk zolagy döredildi. Umumy ýük dolanyşygy 1,11 million tonna boldy. Andižan şäherinde türkmen wagonlaryny bejeriş hyzmaty ýola goýuldy. Özbegistanda türkmen maýaly 200-e golaý kärhana işleýär.

4

Özbegistan we Gyrgyzystan. 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda haryt dolanyşygy 600 million dollara golaý bolup, 12–13% artdy. Özbegistandan eksport 80% ýokarlandy. Demir ýol arkaly ýük daşamalar hem ep-esli ösüş görkezdi.

Sebitiň ösüşini kadalaşdyryjy binýat hem güýçlenýär. Gazagystan bilen GDA-nyň erkin söwda zolagy boýunça teswirnama hereket edýär, Täjigistan bilen 2022-nji ýyldaky Dostluk baradaky Jarnama bar. Türkmenistan bilen «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» geçelgeleri boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Gyrgyzystan bilen bolsa 200-den gowrak şertnama baglaşyldy.

5

Merkezi Aziýa kem-kemden «geografiýadan» «ykdysadyýete» öwrülýär. Integrirlenen düzgünler, ulag geçelgeleri we maýa goýumlaryň artmagy Ýewraziýanyň täze güýç merkezini kemala getirýär.

Russiýa bolsa bu sammiti energetika, ulag we sanly hyzmatlar ugurlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ulanmagy maksat edinýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026