HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilermenler «Bitewi penjire» taslamasyny daşary ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm guraly hökmünde ykrar etdiler

Sentýabr 25, 2025 | 10:20 |7286
2025-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşsyz halkara bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça Konferensiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylan «Eksport-import amallary üçin Bitewi penjire» atly taslamanyň jemleýji seljerilişini geçirdiler.2025-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşsyz halkara bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça Konferensiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylan «Eksport-import amallary üçin Bitewi penjire» atly taslamanyň jemleýji seljerilişini geçirdiler.
Çeşme: customs.gov.tm

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşsyz halkara bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça Konferensiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylan «Eksport-import amallary üçin Bitewi penjire» atly taslamanyň jemleýji seljerilişini geçirdiler.

Barlaglaryň netijesinde «Bitewi penjire» ulgamy daşary ykdysady gatnaşyklary çaltlandyrmagyň hem-de döwlet edaralary bilen işewür jemgyýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edildi. Bilermenler onuň ugurlarynyň Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak boýunça alnyp barylýan işlere laýyk gelýändigini tassykladylar.

Sanly platformanyň ornaşdyrylmagy pudagara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berdi we döwlet dolandyryşynyň elektron görnüşlerine geçmäge mümkinçilik açdy.

Häzirki güne çenli bu ulgama 19 ministrlik we 24 pudaklaýyn dolandyryş edarasy birikdirildi. Bu bolsa resminamalary resmileşdirmek wagtyny gysaltmaga, çykdajylary azaltmaga we hyzmatlaryň açyklygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Sanly hasabatlara görä, 2024-nji ýylda ulgam arkaly takmynan 100 müň rugsatnama resminamasy resmileşdirildi. 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda bolsa elektron görnüşde takmynan 120 müň resminama resmileşdirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

22:40 Oktýabr 06, 2026
ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

22:30 Oktýabr 06, 2026
Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

22:00 Oktýabr 06, 2026