HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dreame mehaniki golly öý süpüriji roboty bilen tanyşdyrdy

Sentýabr 05, 2025 | 15:30 |6272
Dreame kompaniýasy täze Cyber10 Ultra öý süpüriji roboty bilen tanyşdyrdy. Onuň esasy aýratynlygy – içine ornaşdyrylan mehaniki manipulýator goly CyberDexDreame kompaniýasy täze Cyber10 Ultra öý süpüriji roboty bilen tanyşdyrdy. Onuň esasy aýratynlygy – içine ornaşdyrylan mehaniki manipulýator goly CyberDex
Çeşme: Dreame

Dreame kompaniýasy täze Cyber10 Ultra öý süpüriji roboty bilen tanyşdyrdy. Onuň esasy aýratynlygy – içine ornaşdyrylan mehaniki manipulýator goly CyberDex. Bu robotlaşdyrylan goşmaça el enjamy diňe bir zatlary ýerinden süýşürmäge däl-de, eýsem adaty süpürijileriň ýetip bilmeýän ýerlerini hem täsirli arassalamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, inçe deşikler ýa-da mebelleriň aýaklarynyň arasy ýaly ýerler. Goly 33 sm çenli uzaldyp bolýar we ol 500 gram agramyndaky zatlary galdyryp bilýär.

Ösen nawigasiýa ulgamlarynyň kömegi bilen robot jaýyň kartasyny çalt düzýär we kabel ýaly zatlary goşmak bilen 240-dan gowrak päsgelçiligi takyk kesgitleýär. Şeýle hem ol 360° wideoýazgy görkezilişini goldaýar, bu bolsa öý haýwanlaryna gözegçilik kamerasy hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Pet Care 4.0 ulgamy robotyň haýwanlary tanamagyna we dökülen iým ýa-da dolduryjy ýüze çykarylanda awtomatiki ýagdaýda sorujy güýjüni güýçlendirmegine kömek edýär.

Arassalygyň ýokary hilini üpjün etmek üçin Cyber10 Ultra iki kameraly ýuwujy serişdeler bölümi, şeýle hem gyzgyn suw bilen süpürgüji öz-özüni arassalamak we guratmak funksiýasy bilen enjamlaşdyrylan. Öz-özüne hyzmat etmek ulgamynyň ählisi köp funksiýaly dok-stansiýa integrirlenen. Täze öý süpüriji robotyň satuwy 2026-njy ýylyň başynda başlanar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026