HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar

Sentýabr 02, 2025 | 23:52 |8831
2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy
Çeşme: gov.cn

2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň başynda Din Sýuesýan Türkmenistanyň baştutanynyň saparynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmäge täze itergi berjek möhüm waka bolandygyny aýtdy. Şeýle hem, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýändigini nygtady.

Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) işine ýokary baha berdi şeýle hem 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň üstünlikli işleýändigini aýtdy.

Ulag we logistika pudagynda Hazar deňziniň üstünden geçýän logistika ulgamyny döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassykdy. Özara söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistan Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmagy teklip etdi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident, türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli bilim alýarlandyklaryny we Türkmenistandaky birnäçe bilim ojaklarynda hytaý diliniň okadylýandygyny belledi. Ylymda, bilimde we medeniýetde hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edilýändigi nygtaldy.

Gün tertibinde ýokary tehnologiýalar we emeli aň tehnologiýalary aýratyn orun eýeledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmagy teklip etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026