HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň gümrük ulgamy UNCTAD-yň goldawy bilen döwrebaplaşdyrylýar

Awgust 29, 2025 | 12:43 |6023
Türkmenistanyň söwda we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda işgärleriň taýýarlanylmagyna-da aýratyn üns berilýärTürkmenistanyň söwda we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda işgärleriň taýýarlanylmagyna-da aýratyn üns berilýär
Çeşme: aljarida.com

Türkmenistanyň söwda we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda işgärleriň taýýarlanylmagyna-da aýratyn üns berilýär diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasyndan (UNCTAD) alnan çeşmä salgylanyp, Trend habar berýär.

«UNCTAD Türkmenistanyň gümrük we serhet gulluklary bilen bilelikde mümkinçiligi artdyrmaga gönükdirilen amaly çäreleri durmuşa geçirýär: töwekgelçilik esasly gözegçiligiň ornaşdyrylmagy, harytlaryň klassifikasiýasy we bahasyny kesgitlemek, elektron resminamalaryna we kagyzsyz hasaba geçmek, şeýle hem ýerine ýetiriliş boýunça anyk gollanmalaryň we hyzmat standartlarynyň işlenip taýýarlanylmagy», – diýip, Trend çeşmäniň sözlerini getirýär.

Çeşmäniň sözlerine görä, bu başlangyç serhetde edaralar arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegini hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň öňdebaryjy halkara tejribelerine laýyk getirilmegini göz öňünde tutýar. Bu bolsa söwda amallarynyň çaltlaşmagyna, olaryň öňünden çak edilmeginiň we aç-açanlygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Maksatnamanyň möhüm bölegi ASYCUDA ulgamydyr – UNCTAD tarapyndan taýýarlanan gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çözgüt bolup, ol serhetara söwdanyň dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, amallary çaltlaşdyrmaga, çykdajylary azaltmaga we aç-açanlygy artdyrmaga gönükdirilendir.

«2025-nji ýylyň awgust aýynda biz Türkmenistanyň gümrügini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli başlangyjyň üçünji tapgyryna — ASYCUDA-nyň öňdebaryjy çözgütleriniň giň möçberde ýerli hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen utgaşdyrylmagyna geçdik.

Şeýlelikde, ýerli hünärmenler ulgamy özbaşdak dolandyrmagy we geljekde ösdürmegi başararlar. Bu bolsa ýükleriň has çalt resmileşdirilmegini, çykdajylaryň azalmagyny we bazar gatnaşyjylary üçin aç-açanlygyň ýokarlanmagyny üpjün eder. Şeýle hem ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna taýýarlyk derejesini ýokarlandyrar we onuň sebitdäki esasy geçelge merkezi hökmünde ornuny berkitmäge ýardam eder», – diýip, çeşme düşündirdi diýip, Trend habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

11:04 Oktýabr 03, 2026
Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

10:54 Oktýabr 03, 2026
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026