HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Türkmenistan bilen serhede çenli uzaýan ýoluň durkuny täzeleýär

Awgust 23, 2025 | 11:40 |8886
Gazagystanyň Mangistau welaýatynda Žanaözen şäheri Türkmenistanyň serhedindäki «Temir baba» serhet geçelgesi bilen birleşdirýän halkara ýolunyň bir böleginiň durky täzelenýär. Abatlandyrylýan ýoluň umumy uzynlygy 164 kilometre barabar diýip, Lada.kz portaly habar berýär.Gazagystanyň Mangistau welaýatynda Žanaözen şäheri Türkmenistanyň serhedindäki «Temir baba» serhet geçelgesi bilen birleşdirýän halkara ýolunyň bir böleginiň durky täzelenýär. Abatlandyrylýan ýoluň umumy uzynlygy 164 kilometre barabar diýip, Lada.kz portaly habar berýär.
Çeşme: Lada.kz

Gazagystanyň Mangistau welaýatynda Žanaözen şäheri Türkmenistanyň serhedindäki «Temir baba» serhet geçelgesi bilen birleşdirýän halkara ýolunyň bir böleginiň durky täzelenýär. Abatlandyrylýan ýoluň umumy uzynlygy 164 kilometre barabar diýip, Lada.kz portaly habar berýär.

Maglumatlara görä, ýoluň 114 kilometri ortaça derejede abatlanar, öň asfalt düşelmedik galan 50 kilometrlik böleginde bolsa düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylar. Ähli işleri gazak hünärmenleri ýerine ýetirýärler. Diňe şu ýylda 60 kilometrlik ýoluň tamamlanylmagy meýilleşdirilýär.

Munuň üçin 100 müň tonna töweregi asfalt düşeler. Taslama bellenen meýilnama boýunça amala aşyrylýar we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli doly tamamlanmaly.

«Kazawtožol» Milli kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Darhan Imanaşewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýük ulaglary Žanaözen bilen Türkmenistanyň serhediniň aralygyny 5–8 sagadyň dowamynda geçýärler. Ýoluň durky täzelenenden soň, bu wagt 2,5 sagat çemesi bolar, bu bolsa üstaşyr daşamalaryň möçberiniň artmagyna mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, täzelenen ýol Mangistaudaky syýahatçylyk ýerlerine, şol sanda Kenderli dynç alyş zolagyna barýança elýeterliligi gowulandyrar we sebitiň ulag-logistika kuwwatynyň ösüşine ýardam berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026