HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

LL3M: tekst esasynda Blender-de 3D-obyektleri döredýän AI modeli

Awgust 22, 2025 | 16:30 |7006
Çikago uniwersitetiniň alymlar topary LL3M (Large Language 3D Modeler) atly öňdebaryjy dil modeli bilen tanyşdyrdy. Ol 3D modelirleme üçin täze usul bolup durýarÇikago uniwersitetiniň alymlar topary LL3M (Large Language 3D Modeler) atly öňdebaryjy dil modeli bilen tanyşdyrdy. Ol 3D modelirleme üçin täze usul bolup durýar
Çeşme: habr.com

Çikago uniwersitetiniň alymlar topary LL3M (Large Language 3D Modeler) atly öňdebaryjy dil modeli bilen tanyşdyrdy. Ol 3D modelirleme üçin täze usul bolup durýar. Ol tekst görnüşindäki görkezmeleri ulanmak arkaly awtomatiki ýagdaýda Python kody döredýär we şol bir wagtyň özünde Blender programmasynda çylşyrymly üç ölçegli obyektleri döretmäge hem-de redaktirlemäge mümkinçilik berýär.

Ýönekeý 3D modellerini döredýän beýleki emeli aň ulgamlaryndan tapawutlylykda LL3M döredijilik hyzmatdaşlygy ýörelgesinde işleýär. Model diňe bir kody generirlemän, eýsem «wizual öz-özüni seljermäge» hem ukyplydyr: netijäni derňäp, özbaşdak düzedişleri girizýär. Ulanyjy bolsa islendik wagtda jogap bermek arkaly ýokary derejeli üýtgetmeleri girizip bilýär.

LL3M-niň esasy aýratynlygy — düşündirişler bilen üpjün edilen düşnükli we gowy gurluşly kody döretmekdir. Bu bolsa ony redaktirlemegi has aňsatlaşdyrýar. Model diňe bir aýratyn obýektleri (mysal üçin, pianino ýa-da raketa) däl, eýsem köp sanly jikme-jiklikleri we olaryň iýerarhiýasyny öz içine alýan tutuş çylşyrymly sahnalary hem döredip bilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026