HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft Windows 11-de has amatly işleýşi üçin «Faýl dolandyryjysyny» täzeleýär

Awgust 22, 2025 | 16:45 |5788
Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyndaky «Faýl dolandyryjy» ulgamynyň interfeýsini giň gerimde täzeden işläp taýýarlamaga girişdi. Maksat — ony ulanyjylar üçin has amatly we çalt etmekdirMicrosoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyndaky «Faýl dolandyryjy» ulgamynyň interfeýsini giň gerimde täzeden işläp taýýarlamaga girişdi. Maksat — ony ulanyjylar üçin has amatly we çalt etmekdir
Çeşme: Microsoft

Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyndaky «Faýl dolandyryjy» ulgamynyň interfeýsini giň gerimde täzeden işläp taýýarlamaga girişdi. Maksat — ony ulanyjylar üçin has amatly we çalt etmekdir. Esasy täzelik — faýlyň üstüne syçanjygyň kursoryny getireniňde peýda boljak täze düwmeler bolup, olar arkaly buýrugy diňe bir gezek basmak arkaly ýerine ýetirmek mümkin bolar. Bu bolsa wagty tygşytlamaga ýardam eder.

Täze mümkinçilikleriň arasynda aşakdakylar bar:

• Papkalara, saýlanan faýllara we umumy faýllara çalt elýeterlilik.

• Faýl boýunça sorag berip bilmek üçin gönüden-göni Copilot bilen işleşmek.

• Kontekst menýuny derrew açmak.

Mundan başga-da, ýakyn wagtda «Faýl dolandyryjysynda» «AI Actions» diýen goşmaça menýu peýda bolar. Ol faýllar bilen işlemäge niýetlenen güýçli gurallary hödürlär: Bing arkaly gözleg, fonuň düşnüksiz edilmegi (blur) we obýektleriň aýrylmagy ýaly mümkinçilikler bolar. Bu üýtgeşmeler gündelik işlerini ýeňilleşdirmek hem-de faýllary dolandyrmagy has düşnükli we intuitiw etmek üçin niýetlenendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026