HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazarüsti halkara ulag ugry — TIF-2025 forumynyň strategik ünsi

Awgust 23, 2025 | 03:45 |37581
18–19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halkara Maýa goýum forumy — TIF-2025 çäginde, Merkezi Aziýa ýurtlaryny Ýewropa bilen baglanyşdyrýan möhüm logistika koridorlarynyň biri bolan Hazarüsti Halkara Ulag Ugrunyň (HHUU) ösdürilmegine we giňeldilmegine aýratyn üns berler18–19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halkara Maýa goýum forumy — TIF-2025 çäginde, Merkezi Aziýa ýurtlaryny Ýewropa bilen baglanyşdyrýan möhüm logistika koridorlarynyň biri bolan Hazarüsti Halkara Ulag Ugrunyň (HHUU) ösdürilmegine we giňeldilmegine aýratyn üns berler
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halkara Maýa goýum forumy — TIF-2025 çäginde, Merkezi Aziýa ýurtlaryny Ýewropa bilen baglanyşdyrýan möhüm logistika koridorlarynyň biri bolan Hazarüsti Halkara Ulag Ugrunyň (HHUU) ösdürilmegine we giňeldilmegine aýratyn üns berler.

HHUU demirýol, deňiz we awtoulag gatnawlaryny birleşdirýän multimodal marşrut bolup, Hazar deňzi arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda netijeli we çalt ulag aragatnaşygyny üpjün edýär. Türkmenistan bu ugurda merkezi orny eýeleýär, Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerini işjeň ösdürýär, infrastruktura kämilleşdirilýär we söwdadaky kadalaşdyryjy hem-de amaly päsgelçilikleri aradan aýyrýar, bu bolsa tranzit mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam berýär.

TIF-2025 forumynda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem hususy sektoryň wekilleri ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, logistika ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek boýunça maýa goýum we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Hazarüsti halkara ulag ugrunyň ösdürilmegi işewür gatnaşyklary we ynamy pugtalandyrmaga, sebit integrasiýasyny çuňlaşdyrmaga, ykdysady ösüşi höweslendirmäge hem-de halkara maýa goýujylar üçin täze mümkinçilikleri açmaga hyzmat edýär.

TIF-2025-e gatnaşmak we goşmaça maglumat almak üçin resmi web sahypany ziyaret ediň: www.tif-turkmenistan.com

Habarlaşmak üçin telefon: +993 (71) 87-18-14

E-poçta: contact@turkmencongress.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026