HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda «Take Off İstanbul» sergisi geçiriler

Awgust 22, 2025 | 19:45 |9425
Stambulyň Sergi merkezinde 10-11-nji dekabr aralygynda geçirilmegi meŷilleşdirilŷn «Take Off İstanbul» sekizinji gezek tehnologiýa we telekeçilik dünýäsini özüne çekmäge taýýarlanýar.Stambulyň Sergi merkezinde 10-11-nji dekabr aralygynda geçirilmegi meŷilleşdirilŷn «Take Off İstanbul» sekizinji gezek tehnologiýa we telekeçilik dünýäsini özüne çekmäge taýýarlanýar.
Çeşme: mth.tc

Stambulyň Sergi merkezinde 10-11-nji dekabr aralygynda geçirilmegi meŷilleşdirilŷn «Take Off İstanbul» sekizinji gezek tehnologiýa we telekeçilik dünýäsini özüne çekmäge taýýarlanýar. Startuplary, maýadarlary, tehnologiýa kompaniýalaryny we global öňdebaryjy tehnologiýalarynyň liderlerini jemlejek bu möhüm çärä gatnaşmak isleýänler üçin Startup diwarlyklaryň satyşlary başlady!

30-njy sentýabra çenli 30 göterim arzan irki hasaba alyş mümkinçiligini elden bermäň!

Başlangyçlar 2025-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli 30 göterim arzanladyş bilen Startup diwarlyklaryny satyn alyp bilerler. Çärede önümlerini sergileŷänler, maýadarlar bilen göniden-göni duşuşmaga, sahnada çykyş etmäge we tehnologiýa kompaniýalary bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik alarlar. Diwarlyklaryny alanlar şu ýyl ilkinji gezek geçiriljek «Founder Day» atly döredijiler gününe gatnaşyp bilerler.

2024-nji ýylda rekord derejesinde gatnaşyk we global gyzyklanma hasaba alyndy

15 müňden gowrak gatnaşyjy

250 sany tehnologiýa startupy (23 ýurtdan),

125 sany halkara maýadar (25 ýurtdan),

65 sany hemaýatkär we hyzmatdaş gatnaşypdy.

Çäräniň dowamynda geçirilen ıkiçäk gepleşiklerden soň dört sany startup jemi 1 million dollarlyk maýa goŷum çekmegi başardy. Şeŷle hem, Meta, SpaceX, Samsung we Axiom Space ýaly tehnologiýa ägirtleriniň çykyş etmegi aŷratyn ähmiŷetli boldy.

2025-nji ŷylda has uly we täsirli

Bu ýyl “Take Off İstanbul”,

500-den gowrak startup,

200-den gowrak maýadar,

70-den gowrak degişli edaralaryň gatnaşmagyna garaşylŷar

Has giňişleŷin maglumat we diwarlyklar üçin: https://mth.tc/startupstant

Habarlaşmak üçin: startup@takeoffistanbul.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

23:34 Sentýabr 19, 2026
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026