HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäniň öňdebaryjy maýadarlary we ýolbaşçylary Aşgabatda boljak TIF-2025-de jemlenerler

Awgust 18, 2025 | 14:25 |9029
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – TIF 2025 şu ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda geçiriler we halkara hem-de milli işewür we maýa goýum jemgyýetçiligi üçin möhüm waka öwrüler. Forumyň esasy maksady ykdysady gatnaşyklary berkitmek, göni maýa goýumlaryny çekmek we durnukly hyzmatdaşlyklary ösdürmekdir.Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – TIF 2025 şu ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda geçiriler we halkara hem-de milli işewür we maýa goýum jemgyýetçiligi üçin möhüm waka öwrüler. Forumyň esasy maksady ykdysady gatnaşyklary berkitmek, göni maýa goýumlaryny çekmek we durnukly hyzmatdaşlyklary ösdürmekdir.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – "TIF 2025" şu ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda geçiriler we halkara hem-de milli işewür we maýa goýum jemgyýetçiligi üçin möhüm waka öwrüler. Forumyň esasy maksady ykdysady gatnaşyklary berkitmek, göni maýa goýumlaryny çekmek we durnukly hyzmatdaşlyklary ösdürmekdir.

Forum döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekillerini, halkara maliýe institutlaryny we guramalaryny, öňdebaryjy kompaniýalary, ylmy-barlag merkezlerini hem-de ösüş boýunça hyzmatdaşlary ösüşiň strategiki ugurlaryny we sebit hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär.

Forumyň açylyşy “Strategiki netijeliligiň möhüm faktory hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi” atly plenar mejlis bilen başlanar. Esasy çykyş edýänleriň arasynda ýokary döwlet wekilleri bilen birlikde:

• Beatris Maser, Bütindünýä Bankynyň ýerine ýetiriji direktory;

• Lýuk Dewin, Ýewropa Daşary Işler Gullugynyň (EEAS) ýolbaşçysynyň orunbasary;

• Oleg Korobçenko, Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri;

• Mihael Harms, Germaniýanyň Gündogar ykdysadyýet birleşiginiň ýerine ýetiriji direktory.

Forumyň maksatnamasy ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryna bagyşlanan dokuz mowzuklaýyn sessiýany öz içine alýar:

• Energiýa howpsuzlygynyň durnuklylygy we ygtybarlylygy – Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ösüşi;

• Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň ösüşi – ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlar; • Durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler;

• Howa şertlerine uýgunlaşdyrylan oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklara maýa goýumlar;

• Söwda esaslarynyň kämilleşdirilmegi we täze bazarlara çykmak;

• Howa üýtgemegi we durnukly geljek üçin berk infrastruktura;

• Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynda maýa goýum taslamalary;

• Ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyna strategiki ugur;

• Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda täze ugurlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri.

Forumda aýratyn üns klimata, aýlawly (cirkulýar) ykdysadyýete, suw meselelerine, halkara söwdasyna we saglygy goraýşa berler. Hususan-da, Bütindünýä Banky we ÝTÖB bilen bilelikde “Merkezi Aziýada Bir saglyk” taslamasy boýunça hem-de sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýörite sessiýalar geçiriler.

Forum gatnaşyjylara energetika, ulag, infrastrukturanyň ösüşi, oba hojalygy, ýaşyl we sanly tehnologiýalar boýunça iri taslamalara gatnaşmak hem-de döwlet we hususy pudagyň möhüm wekilleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerini açar.

📌 Foruma hasaba alynmak we goşmaça maglumat almak üçin:

🌐 www.tif-turkmenistan.com

📞 Telefon: +993 (71) 87-18-14

📧 Email: contact@turkmencongress.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026