HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AST SpaceMobile: Starlink-yň täze bäsdeşi

Awgust 16, 2025 | 18:00 |8834
Tehasyň AST SpaceMobile atly startapy, SpaceX kompaniýasynyň Starlink taslamasyna güýçli bäsdeş bolmagy maksat edinýärTehasyň AST SpaceMobile atly startapy, SpaceX kompaniýasynyň Starlink taslamasyna güýçli bäsdeş bolmagy maksat edinýär
Çeşme: AST SpaceMobile

Tehasyň AST SpaceMobile atly startapy, SpaceX kompaniýasynyň Starlink taslamasyna güýçli bäsdeş bolmagy maksat edinýär. Kompaniýa 2026-njy ýyla çenli 45-den 60-a çenli hemranyň orbita çykarylmagyny meýilleşdirýär we özüne degişli dünýä derejesindäki giň zolakly internet ulgamyny döretmek isleýär. Iň soňky maliýe hasabatyna görä, AST SpaceMobile bu taslamany maliýeleşdirmek üçin $1,5 milliard serişde toplapdyr.

Kompaniýanyň ilkinji synag hemrasy BlueWalker 3 bolsa 2022-nji ýylda uçuryldy. Eýýäm bir ýyldan soň, 2023-nji ýylda AST SpaceMobile taryhy wakany amala aşyryp, adaty smartfona hemradan 5G ulgam arkaly ilkinji jaňy üstünlikli ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda kompaniýa BlueBird seriýaly bäş hemrany uçurdy we ýene-de 243 enjamy orbita çykarmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli goşmaça dört gezek uçuryş amala aşyrylmaly.

AST SpaceMobile-yň çalt depgin bilen ösmegi eýýäm SpaceX bilen garşylyklara sebäp boldy. Geçen aý SpaceX ABŞ-nyň Aragatnaşyk baradaky federal toparyna hat ugradyp, AST SpaceMobile-yň uly hemralarynyň pes orbita zolagynyň durnuklylygyna howp salýandygyny mälim etdi. Hakykatdanam, BlueWalker 3 hemrasynyň antennasy 64 inedördül metrden hem uly meýdany tutýar, bu bolsa tennis meýdançasynyň ululygyna deňdir. Şeýle-de, BlueBird hemralarynyň ikinji nesli üç esse uly bolar.

Kosmos interneti bazarynda bäsdeşlik barha artýar. Amazon hem Kuiper taslamasy bilen bu ugurda öz ornuny eýelemegi maksat edinýär. Bularyň hemmesi geljekde pes orbita zolagynyň durnuklylygynyň has-da möhüm mesele boljakdygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026