HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI ChatGPT we API ösüş meýilnamasyny hödürledi

Awgust 15, 2025 | 14:55 |5452
OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial ulgamyndaky akkauntynda täze GPT-5 dil modeline barha artýan islegi nädip dolandyrjakdyklary barada gürrüň berdiOpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial ulgamyndaky akkauntynda täze GPT-5 dil modeline barha artýan islegi nädip dolandyrjakdyklary barada gürrüň berdi
Çeşme: OpenAI

OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial ulgamyndaky akkauntynda täze GPT-5 dil modeline barha artýan islegi nädip dolandyrjakdyklary barada gürrüň berdi. Ol hasaplaýyş kuwwatlyklaryny paýlamak boýunça anyk, tapgyrlaýyn amala aşyrylýan strategiýany hödürledi.

OpenAI-nyň GPT-5-e elýeterliligi üpjün etmekdäki ileri tutýan ugurlary:

• Tölegli ulanyjylar: Esasy maksat — ChatGPT-niň tölegli abunaçylaryna öňki modellerdäkiden has ýokary çäk bilen GPT-5-e elýeterlilik bermek. Häzirki wagtda ChatGPT Plus abunasynyň çäginde GPT-5 Thinking üçin çäk 3000 haýyşnamalara çenli ýokarlandyryldy. Geljekde GPT-5 Pro elýeterliligini goşmak meýilleşdirilýär.

• API müşderileri: Indiki tapgyrda API ulanýan häzirki müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň çaklamasyna görä, olar häzirki zerurlyklaryň 30%-e çenli ösüşini üpjün edip bilerler.

• Mugt ulanyjylar: Soňra OpenAI ChatGPT-niň mugt wersiýasyna elýeterliligiň hilini gowulandyrmaga girişer.

• API-niň mundan beýläk ösmegi: Diňe şondan soň kompaniýa API-a bolan täze islegi kanagatlandyrmak üçin kuwwatlyklary artdyrmagy meýilleşdirýär.

Altmanlaryň sözlerine görä, OpenAI ýakyn bäş aýyň dowamynda hasaplaýyş serişdelerini iki esse artdyrmagy maksat edinýär, bu bolsa ähli ulanyjylar üçin ýagdaýy ep-esli gowulandyrar diýip garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026