HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Maliýe çökgünligi Kodak kompaniýasynyň 133 ýyllyk taryhyna nokat goýup biler

Awgust 14, 2025 | 15:00 |5963
Dünýäniň iň köne foto önümçilik kompaniýalarynyň biri bolan Eastman Kodak öz agyr maliýe ýagdaýy barada hasabaty neşir etdiDünýäniň iň köne foto önümçilik kompaniýalarynyň biri bolan Eastman Kodak öz agyr maliýe ýagdaýy barada hasabaty neşir etdi
Çeşme: Kodak

Dünýäniň iň köne foto önümçilik kompaniýalarynyň biri bolan Eastman Kodak öz agyr maliýe ýagdaýy barada hasabaty neşir etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary 500 million dollarlyk bergilerini üzmäge serişdeleriniň ýokdugyny boýun aldy. Resmi beýannamada häzirki maliýe ýagdaýynyň “kompaniýanyň işini dowam etdirmek ukybyna uly şübhe döredýändigini” bellenilýär.

Ýagdaýy gowulandyrmak üçin ýolbaşçylar pensiýa maksatnamalary boýunça tölegleri wagtlaýynça togtatmagy, bergileri restrukturizasiýa etmegi we gaýtadan maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini gözlemegi meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa täze söwda paçlarynyň onuň işine uly täsir etmejekdigini belleýär, sebäbi önümleriň esasy bölegi ABŞ-da öndürilýär. Baş direktor tarapyndan aýdylan optimistik beýanatlara garamazdan, hasabatyň neşir edilmeginden soň kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 25% peseldi.

Taryhy we çökgünligiň sebäpleri

1892-nji ýylda döredilen Eastman Kodak fotosurat sungatynda hakyky öwrülişik döretdi. 1970-nji ýyllarda kompaniýa ABŞ-da foto surat bazarynyň 90%-ini gözegçilikde saklaýardy. Emma 1975-nji ýylda ilkinji sanly kamerany döreden hem bolsa, sanly öwrülişe uýgunlaşyp bilmedi. Netijede, 2012-nji ýylda 6,75 milliard dollarlyk bergi bilen bergidarlyga sezewar boldy.

Batanyndan soň kompaniýa iş ugruny üýtgedip, kino önümçilige, himiki serişdelere we farmasewtiki düzüm bölekleri öndürmäge ünsi jemlemäge synanyşdy. Ýöne häzirki maliýe çökgünligi soňky on ýylyň içinde ikinji gezek ýüze çykýar we kompaniýanyň geljekdäki dowamlylygyna şübhe döredýär. Bilermenleriň pikirine görä, düýpli üýtgeşmeler we uly möçberli maýa goýumlar bolmasa, Kodak kompaniýasynyň 133 ýyllyk taryhy gutarnykly tamamlanar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026