HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çylşyrymly saz eserlerini ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirip bilýän Robot-Drummer döredildi

Awgust 11, 2025 | 13:25 |5116
Şwesiýaly we italiýaly alymlar topary «Robot Drummer» atly depçi-roboty döretdi — ol çylşyrymly aýdym-sazlaryny 90% takyklyk bilen ýerine ýetirýärŞwesiýaly we italiýaly alymlar topary «Robot Drummer» atly depçi-roboty döretdi — ol çylşyrymly aýdym-sazlaryny 90% takyklyk bilen ýerine ýetirýär
Çeşme: habr.com

Şwesiýaly we italiýaly alymlar topary «Robot Drummer» atly depçi-roboty döretdi — ol çylşyrymly aýdym-sazlaryny 90% takyklyk bilen ýerine ýetirýär. Alymlaryň pikirine görä, bu üstünlik geljekde sazanda-robotlarynyň janly çykyşlara gatnaşmagyna ýol açyp biler.

Robot maşyn öwreniş ulgamy arkaly tälim berlip, sazy takyk dep uruşlarynyň tertibine öwürýär. Ilki bilen robot wirtual gurşawda tejribe toplap, tehnikasyny kämilleşdirdi we adam hereketlerini, meselem, taýajyklary çalyşmak ýa-da gollary gowşuryp oýnamak ýaly hereketleri özleşdirdi. Synaglarda robot dürli žanrlarda — jazdan rok sazlaryna çenli, şol sanda Linkin Park we Bon Jovi toparlarynyň aýdymlaryny üstünlikli ýerine ýetirdi.

Indi alymlar Robot Drummer-iň başarnyklaryny simulýasiýadan hakyky dep gurluşyna geçirmegi meýilleşdirýärler. Indiki ädim hökmünde robot janly depçi ýaly saz bilen sazlaşyp işläp biler ýaly, ony hakyky wagt tertibinde sazly improwizasiýa etmäge öwretmek meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026