HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gologramma suratly VR äýnekleriň prototipi döredildi

Awgust 01, 2025 | 16:00 |3677
Stenford uniwersitetiniň we Meta Reality Labs kompaniýasynyň alymlary galyňlygy 3 mm bolan VR äýnekleriniň prototipini döretdilerStenford uniwersitetiniň we Meta Reality Labs kompaniýasynyň alymlary galyňlygy 3 mm bolan VR äýnekleriniň prototipini döretdiler
Çeşme: securitylab.ru

Stenford uniwersitetiniň we Meta Reality Labs kompaniýasynyň alymlary galyňlygy 3 mm bolan VR äýnekleriniň prototipini döretdiler. Häzirki uly garnituralardan tapawutlylykda bu täze gajet ulanyjynyň gözüne adaty düz stereoskopik suratlary däl-de, gologrammalary geçirip görkezýär. Bu bolsa täsin derejede hakyky we tebigy täsirleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Professor Gordan Wetsşteýniň sözlerine görä, gologramma tehnologiýasy VR tejribesine täze mümkinçilikleri açyp, ony has gyzykly we hakykata golaý edýär. Şeýle-de, täze äýnekler bazarda bar bolan ähli analoglardan has ykjamdyr.

Suratyň takyklygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin alymlar enjama AI esasly kalibrlik ulgamyny ornaşdyrdylar. Bu ulgam golografiki optikanyň esasy meselesini çözýär: giň görüş meýdanyny we giň surat meýdanyny şol bir wagtda saklaýar. Munuň netijesinde ulanyjy wirtual surata sereden wagty, fokusy ýitirmän, gözlerini erkin hereket etdirip biler.

Prototipiň esasy artykmaçlygy – diňe ýokary hilli surat däl, eýsem inçe çarçuwasydyr. Bu äýnekleri örän ýeňil edýär we olary uzak wagtlap aýyrman göz we boýun üçin zyýan ýetirmän dakynmak mümkinçiligini berýär. Emma kiçi ölçegler, işläp taýýarlaýjylar üçin täze tehniki meselelerini döredýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026