HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ýod-brom suwlarynyň tolpumlaýyn gaýtadan işlemegini we täze himiýa senagat ugurlaryny ösdürýär

Iýul 30, 2025 | 10:55 |5240
Türkmеnistan ýoduň gorlary we gazyp alnyşy boýunça dünýäde 5-nji orny eýeleýär. Şeýle-de ýurdumyz mikroelementleriň giň görnüşini almak maksady bilen, ýod-brom suwlarynyň toplumlaýyn gaýtadan işlemegine geçmekçi.Türkmеnistan ýoduň gorlary we gazyp alnyşy boýunça dünýäde 5-nji orny eýeleýär. Şeýle-de ýurdumyz mikroelementleriň giň görnüşini almak maksady bilen, ýod-brom suwlarynyň toplumlaýyn gaýtadan işlemegine geçmekçi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmеnistan ýoduň gorlary we gazyp alnyşy boýunça dünýäde 5-nji orny eýeleýär. Şeýle-de ýurdumyz mikroelementleriň giň görnüşini almak maksady bilen, ýod-brom suwlarynyň toplumlaýyn gaýtadan işlemegine geçmekçi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Ylym – ösüşiň ýoly» atly maslahat geçirildi. Bu ýerde esasy içerki taslamalaryň öňe sürülmegi, şol sanda halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

1

Himiýa we gidromineral çig mal tehnologiýasy boýunça uly ylmy işgär Lýudmila Atamalowa täze ýataklaryň mümkinçiligine ünsi çekdi, şol sanda Günbatar Ekeremde diňe ýody däl, eýsem bromy, litini, stronsini we duzlary hem almak mümkinçiligi bardygyny belledi. Çig mal garyndylardan arassalaýşy talap edýär, munuň bilen birlikde Türkmenistanda radioaktiw ýoduň ýoklugy barada bellenildi. Dört sany işläp duran zawodda ýody almak üçin howa-dezorbsiýa usuly ulanylýar, ýöne sublimasiýa iň öňdebaryjy tehnologiýa hasap edilýär.

Aýraryn üns Bereket ýatagyna çekildi. Ol ýerde çig malda ýoduň düzümi bir litrde 420 ml deň. Bu bolsa dünýä tejribesinde özboluşly rekord görkezijisidir. Türkmenistan täze tehnologiýalary işläp düzmek we gidromineral çig maly gaýtadan işlemegiň ýollary boýunça hytaý kompaniýalary bilen gepleşikler geçirýär.

2

Şeýle hem maslahatda Bereketdäki zawodda öndürilýän gliserin turşusynyň galyndylary esasynda dökünleri öndürmek üçin buýan köküni gaýtadan işlemek boýunça taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistanly alymar bilen bilelikdäki gözlegler 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri geçirilýär, türkmen tehnologiyasyny patentleşdirmek üçin taýýarlyk görülýär. Galyndylary gaýtadan işlemek ekologiýa taýdan has arassa önümçiligi döredip, topraklaryň hasyllylygyny üpjün eder.

Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy serişdeleriň toplumlaýyn ulanylşyny ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlary bilen işleşmek arkaly himiýa senagatyny ösdürmegi dowam edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026
Karaftu gowagy: Eýranyň gaýalaryndaky gadymy sungat we ynanç mukaddesligi

Karaftu gowagy: Eýranyň gaýalaryndaky gadymy sungat we ynanç mukaddesligi

21:35 Sentýabr 17, 2026
Gyzgyn çaglyň üstünde çörek: müňýyllyk taryhy bolan eýran däbi

Gyzgyn çaglyň üstünde çörek: müňýyllyk taryhy bolan eýran däbi

21:32 Sentýabr 17, 2026