HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Zer Design öňdebaryjy web-dizaýn üçin Awwwards halkara baýragyna dalaşgär boldy

Iýul 30, 2025 | 12:10 |4200
Türkmenistanyň Zer Design döredijilik agentligi (“Zer dizaýn” HK) ýerli içgi öndüriji kompaniýasy bolan Archalyk kompaniýasynyň Archalyk.com web-saýtyny işläp taýýarlandygy üçin Site of the Day ugrundan abraýly Awwwards halkara baýragyny almak ugrunda dalaşgär boldy.Türkmenistanyň Zer Design döredijilik agentligi (“Zer dizaýn” HK) ýerli içgi öndüriji kompaniýasy bolan Archalyk kompaniýasynyň Archalyk.com web-saýtyny işläp taýýarlandygy üçin Site of the Day ugrundan abraýly Awwwards halkara baýragyny almak ugrunda dalaşgär boldy.
Çeşme: Zer Design

Türkmenistanyň Zer Design döredijilik agentligi (“Zer dizaýn” HK) ýerli içgi öndüriji kompaniýasy bolan Archalyk kompaniýasynyň Archalyk.com web-saýtyny işläp taýýarlandygy üçin Site of the Day ugrundan abraýly Awwwards halkara baýragyny almak ugrunda dalaşgär boldy.

Ýeňiji bolan ýagdaýynda Archalyk.com saýty Site of the Month we Site of the Year ýaly has abraýly baýraklaryň gysgaça sanawyna giriziler. Olar bolsa bütin dünýäniň iň gowy dijital-çözgütleri üçin gowşurylýar.

1

Archalyk.com saýty brendiň eksport mümkinçiliklerini güýçlendirmek we onuň filosofiýasyny açyp görkezmek maksady bilen döredildi. Taslama häzirki zaman wizual utgaşygyny, adaptiw interfeýsi we animasion elementleri birleşdirip, ulanyjy bilen özara gatnaşygyň amatlylygyny üpjün edýär. Bu aýratynlyklar Awwwards halkara bileleşigi tarapyndan tapawutlandyryldy we dalaşgär bolmak üçin esas döretdi.

Zer Design agentligi web-dizaýna, brendinge, sanly marketinge we dijital-önümleriň önümçiligine ýöriteleşen. Onuň döreden önümleriniň hatarynda gaplama, wizual şahsylaşdyrma we ulanyjy tejribesi boýunça taslamalar bar. Döredijilik toparyna dizaýnerler, strategler, animatorlar we işläp taýýarlaýjylar girip, olar wizual taýdan täsirli we manyly çözgütleri döretmek bilen meşgullanýarlar.

2

Awwwards halkara baýragyna belli bir ugurdan dalaşgär bolmak ses berilşigi we halkara eminler toparynyň bahalandyrmagyny göz öňünde tutýar. Ýeňiji bolan ýagdaýynda bu taslama ýene bir gezek ykrar edilip, bu hem bütin dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň ünsüni çekmäge mümkinçilik berer.

3

Awwwards bu döredijilik, ulanyş amatlylygy, innowasiýalar we wizual utgaşdyrma üçin öňdebaryjy sanly taslamalary aýratyn tapawutlandyrýan global meýdançadyr. Oňa dalaşgärleriň sanawyna girizilmek bolsa ýokary hünär we dizaýn hiliniň halkara ykrarnamasy bolup durýar.

Giňişleýin maglumatlar – agentligiň saýtynda: zer.design.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026