HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Türkiýä gazy üpjün edýän iň iri bäş döwletiň hataryna girdi

Iýul 29, 2025 | 10:40 |5406
2025-nji ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan Türkiýä tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda bäşinji orny eýeledi2025-nji ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan Türkiýä tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda bäşinji orny eýeledi
Çeşme: depositphotos

2025-nji ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan Türkiýä tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda bäşinji orny eýeledi. Türkiýäniň Energiýa bazaryny kadalaşdyryş geňeşiniň (EPDK) maglumatlaryna görä, türkmen gazynyň eksport möçberi 120,03 million kub metre barabar boldy, bu bolsa umumy üpjünçiligiň 3,39%-ini düzdi. Bu barada Report ýazýar.

Umumylykda maý aýynda Türkiýe 3,54 milliard kub metr gazy import etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,79% köpdür. Bu mukdaryň esasy bölegi — 89,32%-i — Azerbaýjan, Russiýa, Eýran we Türkmenistan tarapyndan turbageçirijiler arkaly üpjün edilen gazdan ybarat boldy.

Türkmenistan bilen birlikde, Türkiýä gazy eksport edýän ýurtlaryň hatarynda Azerbaýjan (29,87%), Russiýa (33,7%), Eýran (22,37%), Alžir (7,96%) we ABŞ (2,71%) bar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bu sanawda täze goşulan ýeke-täk döwlet bolup, turbageçiriji arkaly gaz üpjünçiliginde durnukly ösüşi görkezdi.

Türkiýe energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagy dowam etdirýär, Türkmenistanyň bu işe gatnaşmagy bolsa sebitleýin energiýa bazarynda onuň ornunyň artýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026