HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Doganlar Toýlyýewler “Ýüpek ýoly” 2025 rallisinde T2 klasynda öňdebaryjy ornuny berkidýärler

Iýul 21, 2025 | 23:52 |5463
21-nji iýulda “Ýüpek ýoly” 2025 halkara rallisine gatnaşyjylar Mongoliýadan geçip, Russiýanyň çägine gaýdyp, onunjy tapgyry tamamladylar21-nji iýulda “Ýüpek ýoly” 2025 halkara rallisine gatnaşyjylar Mongoliýadan geçip, Russiýanyň çägine gaýdyp, onunjy tapgyry tamamladylar
Çeşme: silkwayrally.com

21-nji iýulda “Ýüpek ýoly” 2025 halkara rallisine gatnaşyjylar Mongoliýadan geçip, Russiýanyň çägine gaýdyp, onunjy tapgyry tamamladylar. Bu tapgyryň uzynlygy 515 kilometrden gowrak bolup, onuň 257 kilometri ýörüte bölegidir. Ýaryşyň bu tapgyry, gatnaşyjylaryň köpüsi tarapyndan tutuş ugur boýunça iň gözel ýerleriň biri hökmünde ykrar edildi.

Sürüjiler dag etekleri we gaýaly gerişleri boýunça geçip, köl jülgesiniň hötdesinden geldiler we Açit-Nuur kölüniň bendiniň ugry boýunça hereket etdiler. Mongoliýanyň soňky kilometrlary üsti tekiz belentliklerindäki giň paralel ýollaryndana geçdiler. Bu bolsa türgenlere tebigatyň beýikligini we öz tehnikasynyň kuwwatyny doly duýmaga mümkinçilik berdi.

ralli-shelkovyy-put-10-etap-toilyevy-liderstvo (1).jpg

Şu günniň jemlerine görä, T2 klassynda Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýaryşyň iň esasy dalaşgäri boldylar. Olar onynjy tapgyrda iň gowy wagty görkezdi we Meýlis Abdullaýewi 25 minut yzda galdyrdylar.

Bu tapgyrdaky ynamly ýeňşiniň netijesinde, doganlar Toýlyýewler T2 klassynyň umumy hasabynda özleriniň öňdeligini berkitdiler. Indi olar Meýlis Abdullaýewden takmynan ýedi sagat öňde barýarlar.

ralli-shelkovyy-put-10-etap-toilyevy-liderstvo (3).jpg

Bir gün öň, ralliniň dokuzynjy tapgyrynda, “türkmen” T2 klassynda öňdebaryjynyň çalşylandygyny bellemelidiris. Uzak wagtlap öňdeligi saklan Maksatmyrat Daňatarow, kyn bölegi geçip bilmändigi sebäpli 21 sagat uly jerime aldy. Netijede, birinji orna Merdan Toýlyýew, Meýlis Abdullaýew bolsa ikinji orna geçdi. Daňatarowyň birinji orunda barýan bilen aratapawudy indi 14 sagada ýetdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026