Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy
Anna güni Ýerewanda biodürlüligi goramaga bagyşlanan Liderler sammiti geçirildi. Gatnaşyjylar tebigaty goramak boýunça halkara borçnamalaryny anyk çäreler bilen durmuşa geçirmegi we işleri çaltlandyrmagy maslahat berdiler.
“Liderler tebigat üçin” şygary astynda geçirilen duşuşyga döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Sammit 19–30-njy oktýabr aralygynda geçiriljek Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Taraplarynyň 17-nji konferensiýasynyň — COP17-niň öňüsyrasynda geçirildi.
Ermenistanyň daşky gurşaw ministri we COP17-niň başlygy Hambardzum Matewosýan konferensiýanyň geçirilmeginiň ýurda halkara ekologik çözgütlerde has işjeň orun eýelemäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýurtlary biodürlüligi goramak boýunça çäreleri has çalt we işjeň durmuşa geçirmäge çagyrdy. Ol 2022-nji ýylda kabul edilen Kunmin-Monreal global biodürlülik maksatlaryna ýetmek üçin häzirki depginiň ýeterlik däldigini belledi.
Ýerewanda bu maksatlaryň ýerine ýetirilişine bagyşlanan ilkinji global hasabat hem hödürlendi. Guterriş ösüşiň bardygyny, ýöne onuň ýeterlik derejede çalt däldigini aýtdy.







