HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada ägirt uly “M” harpy şekilli binalaryň taslamasy bilen tanyşdyryldy

Iýul 14, 2025 | 15:00 |5399
Rubsowsko-Dworsowyý köçesiniň ugrunda täze giň möçberli gurluşyk meýilleşdirilýär. Taslamanyň soňky görnüşi heniz tassyklanmasa-da, KPLN binagärlik edarasynyň bäsleşik taslamalarynyň biri internet sahypalarynda peýda boldyRubsowsko-Dworsowyý köçesiniň ugrunda täze giň möçberli gurluşyk meýilleşdirilýär. Taslamanyň soňky görnüşi heniz tassyklanmasa-da, KPLN binagärlik edarasynyň bäsleşik taslamalarynyň biri internet sahypalarynda peýda boldy
Çeşme: KPLN

Rubsowsko-Dworsowyý köçesiniň ugrunda täze giň möçberli gurluşyk meýilleşdirilýär. Taslamanyň soňky görnüşi heniz tassyklanmasa-da, KPLN binagärlik edarasynyň bäsleşik taslamalarynyň biri internet sahypalarynda peýda boldy.

«Недвижимость инсайды» ýaýlymynyň habar berşi ýaly, bu taslamanyň göwrümli-giňişlik çözgüdi eýýäm “Arh Moskwa” sergisinde görkezildi. Renderlere görä, ägirt uly “M” harpy görnüşindäki beýik binalaryň jikme-jik işlenilen taslamasy Elektrozawod etrabynyň täze binagärlik dominanty bolmagyna dalaş edýär. Munuň diňe beýiklige däl, eýsem görnükli wizual täsirine hem degişlidigi bellenilýär.

1

Binalaryň, şol bir etrapda ýerleşýän, “Kümüş öý” ady bilen tanalýan ýarym tegelek arka görnüşindäki ýaşaýyş toplumynyň ýanynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Taslama teklip edilen görnüşde durmuşa geçirilse, ägirt uly “M” harpy uzakdan, belki-de Sadowyý halkasyndan ýa-da WDNH sergi merkezinden hem görünip bilner. Bu bolsa ony şäher keşbiniň tanalýan elementine öwürer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026