HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple Music: onýyllygyň iň köp diňlenen 500 aýdymy

Iýul 13, 2025 | 13:00 |5407
Apple Music soňky on ýylyň dowamynda dünýäde iň köp diňlenen 500 aýdymy öz içine alýan global reýtingini hödürlediApple Music soňky on ýylyň dowamynda dünýäde iň köp diňlenen 500 aýdymy öz içine alýan global reýtingini hödürledi
Çeşme: Apple Music

Apple Music soňky on ýylyň dowamynda dünýäde iň köp diňlenen 500 aýdymy öz içine alýan global reýtingini hödürledi. Bu giň gerimli sanaw dünýäniň dürli künjegindäki diňleýjileriň esasy aýdym-saz isleglerini we tendensiýalaryny açyp görkezýär. Çartda pop we hip-hop ýaly öňdebaryjy aýdym-saz görnüşlerinden başlap, az tanalýan, ýöne müňlerçe gezek diňlenilen möhüm kompozisiýalara çenli dürli aýdymlar ýerleşdirilen.

Reýtingiň birinji basgançagynda Ed Şiranyň “Shape of You” aýdymy durýar. Ondan soňra The Weeknd-iň “Blinding Lights” we Dreýkiň “God’s Plan” aýdymy degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeleýär.

Ilkinji bäşligi Post Malone-nyň “Sunflower” we “Rockstar” aýdymlary tamamlaýar. Sanawa şeýle hem dünýä belli hitler — Dreýkiň “One Dance”, Trewis Skottyň “Sicko Mode”, Ed Şiranyň “Perfect”, Kris Braunyň “No Guidance” we Billi Aýlişiň “Bad Guy” aýdymy girizildi. Ünsüňi çekýän başga bir zat bolsa, reýtingde ýyllar boýy meşhurlygyny ýitirmedik nusgawy aýdymlaryň hem bardygy — olaryň arasynda Meraýa Keriniň “All I Want for Christmas Is You” baýramçylyk aýdymy we “Queen” toparynyň meşhur aýdymyna öwrülen “Bohemian Rhapsody” eseri hem bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026