HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samsung Galaxy AI-ny täzeledi: Galaxy Z we S seriýaly smartfonlar üçin täze mümkinçilikler

Iýul 11, 2025 | 13:30 |4274
Samsung Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 eplenilýän smartfonlarynyň tanyşdyrylmagy bilen bilelikde, Galaxy AI emeli aň toplumy üçin giň gerimli täzelenişi hödürlediSamsung Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 eplenilýän smartfonlarynyň tanyşdyrylmagy bilen bilelikde, Galaxy AI emeli aň toplumy üçin giň gerimli täzelenişi hödürledi
Çeşme: Hi-Tech Mail

Samsung Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 eplenilýän smartfonlarynyň tanyşdyrylmagy bilen bilelikde, Galaxy AI emeli aň toplumy üçin giň gerimli täzelenişi hödürledi. Täze funksiýalar Android 15 we 16 esasynda işläp taýýarlanan OneUI 8 gurnalan soň, Galaxy S we Z seriýaly enjamlar üçin elýeterli bolar.

Esasy täze mümkinçilikleriň arasynda şular bar:

• Gemini fon ýagdaýynda işlemek ukyby: Google-nyň Gemini emeli aň modeli indi ekrandaky mazmuny hakyky wagt tertibinde seljerip bilýär. Ol ulanyjylara açyk programmalara, faýllara ýa-da suratlara laýyk maslahatlary we teklipleri berýär.

• Gemini Live: Bu funksiýa Gemini ulgamyna kameranyň görkezýän şekillerini hakyky wagtda seljerip biler. Mysal üçin, egin-eşik belliklerini okap ýa-da tegmil meselesine çözgüt hödürläp biler. Şeýle hem, başga programmalar bilen bir wagtda işlemegi goldaýar.

• Kamerada «Artykmaç sesleri aýyrmak» funksiýasy: Öň diňe «Galereýada» elýeterli bolan bu mümkinçilik indi wideo düşürilişiň dowamynda ulanylyp, gerekmejek sesleri aýyrmaga mümkinçilik berýär.

• «Portret studiýasy»: Galaxy AI indi adamlar ýa-da haýwanlar bilen düşürilen suratlary saýlap, dört dürli stilde portret döretmegi başarýar.

• «Akylly redaktirleme»: «Galereýa» programmasynda täze funksiýa peýda boldy – ol ýetmeýän obýektleri täzeden gurup, teksturalary, ýagtylygy we perspektiwany sazlap bilýär (meselem, dişlenilen alma suratynda ony doly görnüşe getirýär).

Täze Galaxy AI funksiýalary eýýäm Galaxy Z Fold7 we Gapaxy Z Flip7 smartfonlarynda elýeterlidir. Ýakyn wagtda bu mümkinçilikler Galaxy S25 tapgyrynda hem peýda bolar. Funksiýalaryň köpüsi Russiýada çäklendirmesiz işläp, rus dilini hem doly goldaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026