HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleri Mongoliýada geçiriljek VII Mas-restling boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşar

Iýul 03, 2025 | 17:45 |4902
30-njy iýuldan 3-nji awgusta çenli türkmen türgenleri erkekleriñ we zenanlaryñ arasynda geçiriljek VII Mas-restling boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşarlar30-njy iýuldan 3-nji awgusta çenli türkmen türgenleri erkekleriñ we zenanlaryñ arasynda geçiriljek VII Mas-restling boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

30-njy iýuldan 3-nji awgusta çenli türkmen türgenleri erkekleriñ we zenanlaryñ arasynda geçiriljek VII Mas-restling boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Bu ýaryşlar Mongoliýanyň Arhangaý aýmagyndaky ARA sport toplumynda geçiriler we dünýäniň 43 ýurdundan türgenleri jemlär.

Çempionata gatnaşýan ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjandan, Owganystandan, Braziliýadan, Müsürden, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Russiýadan, ABŞ-den, Özbegistandan, şeýle hem Angoladan, Bangladeşden, Beninden, Ganadan, Zambiýadan, Iordaniýadan, Eýrandan, Kamerundan, Kanadadan, Kongodan, Kot-d’Iwuardan, Nigeriýadan, Pakistandan, Polşadan, Siriýadan, Slowakiýadan, Somaliden, Täjigistandan, Çehiýadan we beýleki ýurtlardan türgenler bar. Türkmenistanyň gatnaşmagy ýurduň mas-restlinge bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny we halkara sport gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygyny görkezýär.

Bu halkara sport çäresi Halkara Mas-restling federasiýasy, Mongoliýanyň Mas-restling federasiýasy we Arhangaý aýmagynyñ ýerli häkimiýetleri tarapyndan bilelikde gurnalýar. Mas-restling sporty Mongoliýada giňden ösdürilýär.

Bu çempionat diňe bir dünýäniň iň güýçli mas-restlerlerini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem Mongoliýanyň baý medeniýetini görkezmäge hem mümkinçilik döreder. Türkmenistan üçin bu halkara ýaryşda çykyş etmek – türkmen türgenleriniñ sport ussatlygyny dünýä derejesinde görkezmek üçin möhüm pursat bolup durýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026