HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda suw temperaturasynyň üýtgeýişleri hasaba alyndy

Iýun 20, 2025 | 13:12 |4482
Hazar deňziniň kenarynyň türkmen böleginde iýun aýynyň ortalarynda suw temperaturasynda belli bir derejede tapawutlyk hasaba alyndyHazar deňziniň kenarynyň türkmen böleginde iýun aýynyň ortalarynda suw temperaturasynda belli bir derejede tapawutlyk hasaba alyndy
Çeşme: depositphotos

Hazar deňziniň kenarynyň türkmen böleginde iýun aýynyň ortalarynda suw temperaturasynda belli bir derejede tapawutlyk hasaba alyndy. Şeýlelikde, 18-nji iýunda Garabogazda suw temperaturasy käbir ýerlerde +14º çenli peseldi. Bu hem deňiz kenarynyň tutuş meýdany boýunça iň pes görkeziji boldy. Şol bir wagtyň özünde türkmen kenarynyň günorta böleginde suw temperaturasy +25º derejesinde, Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda bolsa +20º derejesinde saklanyp galýar.

Meteožurnalyň maglumatlaryna laýyklykda, temperaturanyň şeýle tapawudy apweling howa hadysasynyň netijesinde bolup geçýär. Bu ýagdaý çuňlykdaky suwlaryň deňiz ýüzüne galmagy bilen ýüze çykýan hadysadyr. Bu proses her ýyl bolup geçýär we has-da tomus döwri Hazaryň gündogar kenarynda aýdyň bolýar. Ol adatça, üç aýlap dowam edýär. Şeýle döwürde suw temperaturasy deňiz boýunça ortaça tapawutlylykda 8-10º pes bolup bilýär.

Apweling atmosfera aýlanyşygy bilen baglanyşyklydyr. Maý-sentýabr aralygynda Hazaryň demirgazyk we orta bölegine mahsus bolan demirgazyk-günbatar şemallar muňa täsir edýär. Bu şemallar ýüzleý mylaýym suwlaryň açyk deňze tarap süýşmeklerine hem-de çuňlukdaky has sowuk suwlaryň kenara tarap galmaklaryna sebäp bolýar.

Kenar sebitlerdäki howa temperaturasy hem durnukly görkezijilere eýedir. Şeýlelikde, Awazada we Garabogazda soňky günlerde howa +24...+29º bolup, gijesinde +15...+18º çenli peselýär. Şol bir aralykda, birnäçe gün mundan ozal Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda +45º çenli yssy howa gözegçilige alyndy.

Möwsümleýin aýratynlyklara garamazdan, Hazar sebitiň iň özboluşly suw howdanlarynyň biri bolmagynda galýar hem-de baý howa we tebigy dürlüligi bilen tapawutlanýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026