HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Blackview Oscal Pilot 3: berkligi we intellekti birleşdirýän smartfon

Iýun 17, 2025 | 17:00 |3968
Blackview Oscal Pilot 3 — dünýäniñ ilkinji gije görüş kamerasy we içine gurulan emeli añ (AI) bolan goragly 5G-smartfonBlackview Oscal Pilot 3 — dünýäniñ ilkinji gije görüş kamerasy we içine gurulan emeli añ (AI) bolan goragly 5G-smartfon
Çeşme: Blackview

Blackview Oscal Pilot 3 — dünýäniñ ilkinji gije görüş kamerasy we içine gurulan emeli añ (AI) bolan goragly 5G-smartfon. Bu enjam iň agyr şertlere garşy durup bilýän ygtybarly enjam gözleýänler üçin döredilendir. Smartfon MIL-STD-810H harby standartly boýunça sertifisirlenen we IP68/IP69K derejesinde suwa hem-de tozana garşy gorag bilen üpjün edilendir. Onuň 6,78 dýuým ölçegdäki IPS ekrany 1080 x 2460 piksel çözgüde eýe bolup, Corning Gorilla Glass 5 aýnasy bilen goragda saklanýar.

Oscal Pilot 3 Android 15 ulgamynda işleýär we aýratyn Doke AI atly interfeýs bilen gelýär. Bu interfeýs üç öňdebaryjy emeli añ modelini öz içine alýar: DeepSeek-R1, GPT-4o mini we Gemini 2.0 Flash. Bu bolsa ony hakyky akylly kömekçä öwürýär.

Enjamyň ýokary öndürijiligi MediaTek Dimensity 6300 (5G) prosessory bilen üpjün edilýär. Onda 12 GB operatiw ýat we 256 GB içerki ýat bar, bu bolsa 2 TB çenli giňeldilip bilner. 7500 mAs göwrümli batareýasy 33 Wt tiz zarýad we 6 Wt ters zarýad funksiýasyny goldaýar.

Kamera ulgamy 50 megapiksel Samsung JN1 esasy kamera, 20 megapiksel gije görüş kamerasy we 32 megapiksel öň kamera bilen üpjün edilendir.

Smartfon şeýle hem NFC tehnologiýasyny üpjün edýär we barmak yzyny tanamak üçin skaner bilen üpjün edilendir. Ölçegleri 182 x 86 x 14,5 mm we agramy 357 gram bolan Blackview Oscal Pilot 3 — iň talapkär ulanyjylar üçin ygtybarly we köpugurly saýlawdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026