HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus alymlary körler we görüş ukyby pes adamlar üçin AI-nawigatory döretdiler

Iýun 16, 2025 | 16:37 |4043
Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň (NDTU NETI) hünärmenleri kör we görüş ukyby çäkli adamlar üçin ýörite niýetlenen innowasion emeli añly (AI) nawigator döretdilerNowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň (NDTU NETI) hünärmenleri kör we görüş ukyby çäkli adamlar üçin ýörite niýetlenen innowasion emeli añly (AI) nawigator döretdiler
Çeşme: наука.рф

Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň (NDTU NETI) hünärmenleri kör we görüş ukyby çäkli adamlar üçin ýörite niýetlenen innowasion emeli añly (AI) nawigator döretdiler. Bu ýerli programma Android operasion ulgamynda işleýär we ýokary netijeliligi hem-de ulanmakda ýönekeýligi bilen tapawutlanýar.

Ulgam 5 metre çenli aralykda päsgelçilikleri tanap bilýär we her bir kadr boýunça maglumatlary bary-ýogy 300 millisekuntda işläp taýýarlaýar. Şeýle ýokary tizlik ulanyjylara duýdansyz ýüze çykýan päsgelçiliklere çaltlyk bilen täsirlenmäge mümkinçilik berýär, munuň bilen birlikde maglumat köplügini hem peseldýär.

NDTU NETI-nyň bu işläp taýýarlamasynyñ möhüm artykmaçlyklaryna internet baglanyşyksyz işlemegi, hiç hili mahabat ýa-da tölegli abuna bolmazlygy girýär. Geljekde identifikasiýa üçin obýektleri özbaşdak goşmak, ses arkaly ýol görkezmek we obýektleri ady boýunça gözlemek ýaly mümkinçilikleri hem goşmak meýilleşdirilýär. Taslama eýýäm tamamlanyş tapgyrynda bolup, jemleýji synaglardan soň ýüze çykarylan kemçilikler düzediler we resmi tanyşdyrylyş amala aşyrylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026