HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý alymlary mikroshemalary taslamak üçin QiMeng atly AI ulgamyny döretdiler

Iýun 14, 2025 | 18:00 |4532
Hytaý Ylymlar akademiýasynyň inženerleri we bilermenleri QiMeng atly dünýäde ilkinji emeli añ esasly mikroshema taslama ulgamyny işläp taýýarladylar we synagdan geçirdilerHytaý Ylymlar akademiýasynyň inženerleri we bilermenleri QiMeng atly dünýäde ilkinji emeli añ esasly mikroshema taslama ulgamyny işläp taýýarladylar we synagdan geçirdiler
Çeşme: Dreamstime

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň inženerleri we bilermenleri QiMeng atly dünýäde ilkinji emeli añ esasly mikroshema taslama ulgamyny işläp taýýarladylar we synagdan geçirdiler.

Adaty ýagdaýda çip döretmek çylşyrymly, uzak wagt talap edýän we gymmat proses bolup, irnäçe ýokary derejeli hünärmenleriň tagallalaryny talap edýär. Hytaý alymlarynyň maksady taslamanyň netijeliligini ýokarlandyrmak we uly dil modelleriniň (LLM) kömegi bilen dar ugurly çipleri döretmek boldy. Bu taslama şeýle hem Hytaýyň ýarymgeçiriji önümçiligindäki ornuny güýçlendirýär we günbatar tehnologiýalaryna bolan garaşlylygyny azaldýar.

QiMeng ulgamy ýöriteleşdirilen prosessor modelini, dizaýn agentini we gurallar toplumyny öz içine alýar. Ol tehniki resminamalaryň esasynda öwrenilýär. Alymlar QiMeng ulgamynyň eýýäm Intel 486 we ARM Cortex-A53 ýaly köne modeller bilen deňeşdirip boljak işläp bilýän gurluşlary döretmäge ukyplydygyny görkezdiler. Işläp taýýarlaýjylar mundan beýläk-de öwrenişleriň netijesinde onuň has bäsdeşlige ukyply çipleri has çalt we arzan öndürip biljekdigine ynanýarlar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026