HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda adam hukuklary, ylym, wirtual aktiwler boýunça täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar

Iýun 05, 2025 | 00:14 |6099
Türkmenistan adam hukuklaryny goramagy, sanly ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek we ýurduň saýlaw ulgamyny gönükdirilen birnäçe möhüm Kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýärTürkmenistan adam hukuklaryny goramagy, sanly ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek we ýurduň saýlaw ulgamyny gönükdirilen birnäçe möhüm Kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan adam hukuklaryny goramagy, sanly ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek we ýurduň saýlaw ulgamyny gönükdirilen birnäçe möhüm Kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýär.

Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň 4-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berşi ýaly ileri tutulýan Kanunlaryň taslamalarynyň arasynda şu aşakdaky bar:

▪ adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak barada

▪ saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek barada

▪ ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek barada

▪ wirtual aktiwler barada

▪ Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretmek barada

Bu işler ýurduň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir we dürli ugurlarda – hukukdan tehnologiýa çenli giňişleýin özgertmeleriň maksatlaryna laýyk gelýär.

Parlamentiň ýolbaşçysy, şeýle hem, 2025-nji ýylyň bäş aýynda kanun çykaryjylyk işinde alnyp barlan işleriň jemini jemlenildi. Ýanwar – maý aýlary aralygynda kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak goşulmak ýaly täze kanunlarynyň 8-si kabul edildi.

Mundan başga-da Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026