HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

XChat: Ilon Maskdan kriptoşifrleme we ýitip gidýän hatlar bilen täze habarlaşyk ulgamy

Iýun 02, 2025 | 19:30 |7089
"X" sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask XChat atly täze habarlaşyk ulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi. Bu ulgam Direct Messages hyzmatynyň ornuny tutar. XChat howpsuz habarlaşyk platformasy hökmünde açyk şifrlemäni, ýitip gidýän hatlary, islendik faýllary ugratmak mümkinçiligini, şeýle hem audio we wideo jaňlary hödürleýär"X" sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask XChat atly täze habarlaşyk ulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi. Bu ulgam Direct Messages hyzmatynyň ornuny tutar. XChat howpsuz habarlaşyk platformasy hökmünde açyk şifrlemäni, ýitip gidýän hatlary, islendik faýllary ugratmak mümkinçiligini, şeýle hem audio we wideo jaňlary hödürleýär
Çeşme: hi-tech.mail.ru

"X" sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask XChat atly täze habarlaşyk ulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi. Bu ulgam Direct Messages hyzmatynyň ornuny tutar. XChat howpsuz habarlaşyk platformasy hökmünde açyk şifrlemäni, ýitip gidýän hatlary, islendik faýllary ugratmak mümkinçiligini, şeýle hem audio we wideo jaňlary hödürleýär.

Häzirki wagtda beta synag tapgyrynda bolan bu programma Rust programmirleme dilinde döredilip, Bitcoin stilindäki şifrleme we düýbünden täze arhitektura bilen işlenip düzüldi. Ilon Mask bu başlangyjy öz sahypasynda resmi taýdan tassyklady we aşakdaky mümkinçilikleri nygtady: ýokary gizlinlik derejesi üçin açyk şifrleme, öz-özüni ýok edýän hatlar arkaly geçiji ýazgylar, mazmun alyşmak mümkinçiliklerini giňeltmek üçin islendik faýly ugratmak, doly aragatnaşyk üçin audio we wideo jaňlar. Gyzykly tarapy – XChat telefon belgisine baglanmazdan hem ulanylyp bilner, bu bolsa iň ýokary elýeterlilik we gizlinlik derejesini hödürleýär.

XChat-nyň peýda bolmagy dürli täsirlere eýe boldy. Käbir ulanyjylar bu täze başlangyja gowy garaýarlar we ony Telegram-yň mümkin bolan bäsdeşine öwürmek mümkinçiligini görýärler. Beýlekiler bolsa X ulgamyna mahsus bolan spam we aldaw hatlarynyň köpelmegi ähtimallygyndan alada edýärler.

XChat ulanyjylara howpsuzlygyň we funksionallugyň täze derejesini hödürlemäge çalyşýar we öňden bar bolan habarlaşyk hyzmatlaryna çynlakaý bäsdeşlik açýar. XChat ulanyjylaryň ynamyny gazanyp, bar bolan meseleleri näderejede çözüp biler — bu ýakyn aýlarda belli bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026