HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Gurban baýramynda howa maglumaty

Iýun 02, 2025 | 13:25 |4359
Türkmenistanda tomsuň ilkinji günleri howa derejesiniň birbada ýokary galmagy bilen başlandy – käbir welaýatlarda ol +40...+41º çenli ýokalandy.Türkmenistanda tomsuň ilkinji günleri howa derejesiniň birbada ýokary galmagy bilen başlandy – käbir welaýatlarda ol +40...+41º çenli ýokalandy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda tomsuň ilkinji günleri howa derejesiniň birbada ýokary galmagy bilen başlandy – käbir welaýatlarda ol +40...+41º çenli ýokalandy. Şeýle yssy howa maý aýynyň ahyrynda bolan mylaýym howa bilen deňeşdirilende has ýiti duýuldy.

Emma, howa hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, eýýäm ýakyn günlerde ýurdumyzda howa derejesiniň pese düşmegine garaşylýar. Yssy howa sişenbe gününe çenli dowam edip, ondan soňra belli bir derejede pese düşer. Hepdäniň ortalaryndan, ýagny çarşenbe gününden başlap, paýtagtymyzda hem-de welaýatlaryň köpüsinde howa derejesi +33...+35º çenli aşak düşer.

Gurban baýramy bellenilýän günlerde, ýagny anna, şenbe, ýekşenbe günlerinde howa şertleri ep-esli derejede rahat bolar. Deslapky çaklamalara görä, şol günlerde gije-gündiziň ortaça howa derejesi +29-dan +34º çenli bolar.

Şeýlelikde, baýramçylyk günler ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny diňe bir dabaraly ýagdaý bilen däl-de, eýsem ýakymly howa şertleri bilen begendirer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026