Turin hünär ussatlygy merkezleriniň ösüşine bagyşlanan halkara seminaryny geçirdi


2025-nji ýylyň 20–23-nji maýy aralygynda Italiýanyň Turin şäherinde Hünär ussatlygy merkezleriniň (HUM) döredilmegine we ösüşine bagyşlanan mümkinçilikleri artdyrmak we özara öwrenmek boýunça halkara seminary geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bilim Gaznasy (ETF) tarapyndan DARYA taslamasynyň çäklerinde, Hünär ussatlygy ulgamy (ENE) tarapyndan goldanylyp we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilip guraldy. Seminara Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan), şeýle hem ÝB ýurtlarynyň we Gündogar hyzmatdaşlygynyň wekilleri gatnaşdy. Iş dilleri iňlis we rus boldy.
Seminar hünär bilim we okuw (HB&O) ulgamynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi we HUM-laryň özgertmeleriň esasy hereketlendirijileri hökmünde eýeleýän ornuny açyp görkezdi. Maslahatlaşmalar interaktiw we amaly ugurly görnüşde alnyp baryldy. Olar aşakdakylary öz içine aldy:
1.Dürli ýurtlarda hünär ussatlygy merkezleriniň modelliniň deňeşdirme seljermesi.
2.Iň gowy tejribeleri öwrenmek.
3.Milli aýratynlyklary nazara almak bilen ýurtlaýyn ösüş meýilnamalaryny taýýarlamak.
Seminaryň giñişeýin maksatnamasy
1-nji gün: Konsepsiýa giriş we häzirki ýagdaý
Ilkinji gün halkara hünär ussatlygy düşünjesine we gatnaşyjy ýurtlardaky HUM-laryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna bagyşlandy. Wekiller:
-
HUM-nyň milli modelleri we hereket edýän tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.
-
Hünär bilim we okuw boýunça Ýewropa strategiýa resminamalary bilen tanyşdylar.
-
Turindäki iki HUM-a baryp, ussatlygy ösdürmek gurallarynyň we iş berijiler bilen hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki görnüşini gördüler.
2-nji gün: Esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlyk
Ikinji gün Italiýadaky HUM-lara edilen saparlaryň netijeleri boýunça pikir alyşmak bilen başlandy. Gatnaşyjylar:
-
Hünär ussatlygynyň möhüm düzüm böleklerini — okatmagyň hilini, işewürlik pudagy bilen hyzmatdaşlygy, sanlylaşdyrmany we durnuklylygy ara alyp maslahatlaşdylar.
-
Halkara we ýurtlaýyn toparlarda işleşdiler.
-
ENE çäklerindäki üstünlikli hyzmatdaşlyk mysallaryny öwrendiler.
-
Günüň jeminde resmi däl agşamlyk nahary we Turin boýunça gezelenç guraldy, bu hem hünär gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. 3-nji gün: ISATCOVE ulgamyny ornaşdyrmak we geljekki meýilnamalar
Soňky gün Hünär ussatlygy merkezleri üçin halkara öz-özüňi baha bermek ulgamy bolan ISATCOVE-a bagyşlandy. Gatnaşyjylar:
-ISATCOVE usulyýeti bilen tanyşdylar.
-
Ispaniýanyň, Latwiýanyň we Moldowanyň ony ornaşdyrmakdaky tejribesini diňlediler.
-
HUM-nyň ösüşi boýunça milli meýilnamalary düzmek üçin ileri tutulýan baha beriş ölçeglerini saýlap, ýurtlaýyn sessiýalary geçirdiler.
-
Seslenme berip, indiki 12 aý üçin anyk iş ädimlerini kesgitlediler.
Bu seminar DARYA taslamasynyň bilim we okuw bilen baglanyşykly düzüm bölekleriniň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolup, örän netijeli geçirildi. Maslahatlaşmalar gatnaşmagyñ ýokary derejesi we amaly ugry bilen tapawutlandy, bu bolsa hünär bilimi babatda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi
Gatnaşyjylaryň ählisi ýurduna dolananlarynda seminarda alnan işläp taýýarlamalary milli hyzmatdaşlara hödürlemägi we HUM-lary milli hünär bilim we okuw ulgamlarynda ösdürmek işini dowam etdirmägi borçlandylar.
ORIENT








