“Magtymguly – dünýäniñ akyldary” atly çäre


“Halkara parahatçylyk we ynanyşkak ýylynda” mynasybetli Türkmenistan her gününi Watanyň parahatçylygyna we agzybirligine buýsanmak duýgusy bilen belleýär. Mugallymlar ýaş nesliň kalbynda Watans bolan söýgini, bilimleri öwrenmäge ymtylyşy terbiýelemek arkaly bu işe uly goşant goşýarlar.
Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 83-nji orta mekdebiň kitaphanasynda “Magtymguly – dünýäniñ akyldary” atly edebi çäre geçirildi. Çäräniñ çäklerinde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, onuň ömri barada ýazylan kitaplaryň hem-de makalalaryň giň sergisi guraldy we uly gyzyklanma döretdi.
Çäräniň açylyş davarasynda mekdebiň müdiri A. Orazberdiýewa we müdiriñ orunbasary T. Atabaýew Magtymgulynyň şygryýetiniň nesilleri terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekdiler. Uly synp okuwçylary taryhy hekaýalary we şygyrlary aýdyp, beýik şahyra bolan hormaty güýçlendirdiler.
Kitaphanaçy M. Baýrammämmedowanyň ýolbaşçylygynda okuwçylar Garaşsyzlyk binasynyň ýanyndaky Magtymguly ýadygärligine bardylar. Ol ýerde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ “Magtymguly – dünýäniñ akyldary” atly kitabyndan parçalar okaldy, şeýle hem türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ “Hakyda göwheri” atly kitabyndan maglumatlar peýdalanyldy. Okuwçylar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň taryhyndaky öçmejek yzyny we beýikligini nygtap, onuň şygyrlaryny we rowaýatlaryny buýsanç bilen okadylar.
Bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkyň ruhy beýgelişi we gülläp ösüşi ugrunda bitirýän hyzmatlary üçin çuňňur hoşallygyň beýany boldy.
ORIENT








