HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanly deputat Käbäniň nusgasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi

Maý 20, 2025 | 21:45 |3589
Azerbaýjanda Nahçiwan şäherindäki Ashabi-Kahf gowagynyň çäginde Mekkedäki Käbäniň takyk nusgasyny döretmek teklip edildi diýip, azerbaýjanly deputat Gudrat Gasanguliýewiň çykyşyna salgylanyp, Podrobno.uz habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, Saud Arabystany her ýyl Käbäniň örtügini (kiswa) çalyşýar we könesini musulman ýurtlarynyň birine sowgat berýärAzerbaýjanda Nahçiwan şäherindäki Ashabi-Kahf gowagynyň çäginde Mekkedäki Käbäniň takyk nusgasyny döretmek teklip edildi diýip, azerbaýjanly deputat Gudrat Gasanguliýewiň çykyşyna salgylanyp, Podrobno.uz habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, Saud Arabystany her ýyl Käbäniň örtügini (kiswa) çalyşýar we könesini musulman ýurtlarynyň birine sowgat berýär
Çeşme: Richard Mortel/flickr.com

Azerbaýjanda Nahçiwan şäherindäki Ashabi-Kahf gowagynyň çäginde Mekkedäki Käbäniň takyk nusgasyny döretmek teklip edildi diýip, azerbaýjanly deputat Gudrat Gasanguliýewiň çykyşyna salgylanyp, Podrobno.uz habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, Saud Arabystany her ýyl Käbäniň örtügini (kiswa) çalyşýar we könesini musulman ýurtlarynyň birine sowgat berýär.

Azerbaýjan dostlukly musulman ýurdy hökmünde şeýle örtügi almak haýyş bilen ýüzlenip bilerdi. Deputat Mekkedäki keramatly ýere diňe adamlaryň çäklendirilen sanynyň barmak mümkinçiligi barada aýdyp, öz başlangyjynyň maksadalaýyklylygyny berkitdi. Ashabi-Kahfdaky göz öňünde tutulýan täze Käbä bolsa ähli musulmanlar erkin ýagdaýda baryp bilerdi. “Şeýle ýagdaýda ähli musulmanlaryň täze Käbäniň içki bezeginiň nähilidigini görmäge we oňa barmaga mümkinçiligi bolardy. Biz täze Käbäni ähli musulmanlaryň arasynda giňden ýaýyp bileris” – diýip, deputat belledi.

Käbe – Mekkedäki dünýäniň iň uly metjidi bolan Masjid al-Haramyň içki howlusynda kub gurluş görnüşinde ýerleşýän musulmanlaryň esasy keramatly ýeridir. Bu Gurhanyň nesihatlaryna görä, haj döwründe zyýaratçylary bilrşedirýän esasy ýerleriň biridir. Käbe – musulmanlaryň agzybirliginiň nyşanydyr. Namaz wagty bütin dünýäniň musulmanlary Käbä tarap öwrülip durýarlar. Her ýyl dine ynanýanlaryň millionlarçasy Käbäniň daşynda aýlanmak, Safa we Marwa depeleriniň arasynda ylgap geçmek hem-de pygamberleriň namaz okan ýerlerinde namaz okamak üçin Mekkä haj parzyny amala aşyrýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026