HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmennebit" buraw guýylaryny dikeltmek arkaly gazyp alnyş möçberini ösdürýär

Maý 22, 2025 | 11:30 |3475
Abatlaýjylaryň yhlasy bilen bu döwürde 30 müň 270 tonna «gara altyn» alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradyldyAbatlaýjylaryň yhlasy bilen bu döwürde 30 müň 270 tonna «gara altyn» alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradyldy
Çeşme: orient.tm

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde we baýlyklar känlerinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň welaýatdaky Guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden nebitgazly guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu müdirlikler boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwründe öwgä mynasyp işler bitirildi.

Gürrüňi edilýän döwürde tutuş konsern boýunça abatlaýjylaryň tagallasy bilen gaýtadan hatara goşulyp, önümçilige tabşyrylan guýularyň sany 138-e ýetdi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 8 guýy köpdür.

Abatlaýjylaryň yhlasy bilen bu döwürde 30 müň 270 tonna «gara altyn» alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradyldy. Täzeden herekete girizilen guýularyň hasabyna çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi bolsa 10 million 463 müň kub metre barabar boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026