HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Maý 21, 2025 | 01:45 |7631
20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: nournews.ir

20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şol sanda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de geljekde olaryň abadançylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Iran-Turkmenistan-Pezeshkian- Meredov (1).jpg

Taraplar ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şeýle hem halkara we sebit başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýratyn bellediler. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen şu ýylyň dekabrynda halkara maslahatyň geçiriljekdigi barada aýdyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Pezeşkian, Eýranyň Türkmenistandan gazy import etmek, şeýle hem goňşy ýurtlara bilen gazy eksport etmek we alyş-çalyş etmek boýunça gyzyklanmasyny aýtdy. Ol üç maksada hyzmat edip biljek Eýran-Türkmenistan gaz geçirijisiniň taslamasyny düzmäge we durmuşa geçirmäge çagyrdy. Bu barada Eýranyň Prezidentiniň web sahypasynda aýdylýar.

Iran-Turkmenistan-Pezeshkian- Meredov (5).jpg

Masud Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen ykdysadyýet, medeniýet, maýa goýumlary, ulag we üstaşyr ýaly dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini mälim etdi.

Pezeşkian, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň Aşgabatda geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi we Hazar deňziniň ähli kenarýaka döwletler üçin gymmatly baýlykdygyny belledi.

Iran-Turkmenistan-Pezeshkian- Meredov (2).jpg

Ministr Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisine gatnaşmak üçin Tährana amala aşyrýan saparynyň çäginde Eýranyň häkimiýetleri bilen geçiren duşuşyklary barada maglumat berdi. Bu söhbetdeşligiň dowamynda içerki sarp edijiler, eksport we çalşyklar üçin Eýrana gaz geçirijisiniň gurluşygy, şeýle hem serhetýaka söwdasynyň giňeldilmegi, serhetýaka bazarlarynyň ösüşi, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy, bilelikdäki maýa goýumlary we Hazar deňziniň ekologiki ýagdaýyny goramak we gowulandyrmak boýunça tagallalar ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temalary boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026