HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Eýranyñ üsti bilen beýleki ýurtlara gazyñ üstaşyr geçirilmegini artdyrmagy göz öňünde tutýar

Maý 20, 2025 | 00:48 |4274
Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek maksady bilen, Eýran arkaly beýleki ýurtlara tebigy gazyñ üstaşyr geçirilýän möçberini artdyryp biler. Bu barada duşenbe güni Tähranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdiTürkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek maksady bilen, Eýran arkaly beýleki ýurtlara tebigy gazyñ üstaşyr geçirilýän möçberini artdyryp biler. Bu barada duşenbe güni Tähranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek maksady bilen, Eýran arkaly beýleki ýurtlara tebigy gazyñ üstaşyr geçirilýän möçberini artdyryp biler. Bu barada duşenbe güni Tähranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Meredow Aşgabadyñ öz nebit-himiýa taslamalaryna eýranly maýadarlary çekmegi meýilleşdirýändigi barada aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu pikir Türkmenistanyň gaz serişdelerini has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berip biler.

Bu çykyş Türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň dowamynda beýan edildi. Mejlisiñ barşynda iki ýurduň resmi wekilleri söwda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy diýip, Press TV habar berýär.

Soňky ýyllarda Eýran Türkmenistanyň tebigy gazyny alyş-çalyş esasynda Azerbaýjana we Yraga ibermek bilen bagly birnäçe ylalaşyklary baglaşdy diýip, Eýranyň halkara habarlar teleýaýlymy ýatladýar.

Alyş-çalyş ylalaşyklary Eýranyň ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän esasy ilatly nokatlaryna we senagat merkezlerine tebigy gaz ýetirmek mümkinçiligini giňeldýär.

Şeýle hem, Eýran ýylda takmynan 2 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny Türkmenistandan import edýär. Bu ýurduñ demirgazyk-gündogarynda elektrik energiýasyna artýan islegi kanagatlandyrmak üçin zerur hasaplanylýar.

Mart aýynyň başynda BOTAŞ bilen «Türkmengaz» arasynda Eýran arkaly Türkiýä tebigy gaz ibermek boýunça ylalaşyga gelnendigi habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026