HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harytlaryna Sinszýan bazaryna giň giriş mümkinçilikleri dörediler

Maý 19, 2025 | 17:30 |3601
Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitini (SUAS) ýylsaýyn berkidilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýarMerkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitini (SUAS) ýylsaýyn berkidilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar
Çeşme: russian.news.cn

Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitini (SUAS) ýylsaýyn berkidilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, ylmy-bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda amala aşyrylýar. Sinszýan Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýokary hilli önümleriň öz bazaryna girmegini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Merkezi Aziýanyň harytlarynyň Sinszýan bazarynda öňe ilerledilmegine taýýarlyk, Hytaýyň Sinszýan erkin söwda zolagynyň (ESZ) döredilmegine goldaw bermek üçin golaýda Urumçi gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen 18 çärede resminama görnüşinde beýan edildi. Bu barada Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentligi habar berýär.

Maglumata görä, täze çäreleriň ýerine ýetirilmegi üçin ýerli gümrük edaralaryna birnäçe ugurda iş alyp barmak tabşyrylýar. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Hytaýa iberilmegi meýilleşdirilýän oba hojalyk önümleri boýunça töwekgelçilikleriň seljerilmegi, teswirnama düzümi, şeýle hem degişli syýasatlaryň düşündirilmegi bar. Gümrük edaralary Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň täze görnüşleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük gullugy tarapyndan rugsat berlen import sanawyna girizilmegini çaltlandyrarlar.

Şeýle-de, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlardan getirilýän ýokary hilli azyk önümleriniň import çeşmeleriniň dürlüligine we görnüşleriniň giňeldilmegine ýardam bermek üçin hem çäreler görülýär. Mundan başga-da, Urumçi gümrük gullugy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen barlag we karantin howpsuzlygy babatdaky tehniki hyzmatdaşlygy hem-de alyş-çalyşygy güýçlendirer. Bu bolsa ýokary hilli ösüşe we ýokary derejeli açyklyga netijeli goldaw berilmegini üpjün eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026