HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

SanDisk SSD tizligini täze derejä çykardy — 15 000 MB/s ýetildi

Maý 16, 2025 | 12:31 |5727
Western Digital kompaniýasy, SanDisk markasy bilen tanalýan, ýokary öndürijilikli WD_BLACK SN8100 NVMe SSD ýat saklaýjysyny hödürledi. Bu enjam häzirki zaman PCIe Gen 5.0 interfeýsini ulanyp, iň talap edýän ulanyjylar — oýunçylar, mazmun döredijiler we emeli aň esasly programmalar bilen işleýän hünärmenler üçin niýetlenendirWestern Digital kompaniýasy, SanDisk markasy bilen tanalýan, ýokary öndürijilikli WD_BLACK SN8100 NVMe SSD ýat saklaýjysyny hödürledi. Bu enjam häzirki zaman PCIe Gen 5.0 interfeýsini ulanyp, iň talap edýän ulanyjylar — oýunçylar, mazmun döredijiler we emeli aň esasly programmalar bilen işleýän hünärmenler üçin niýetlenendir
Çeşme: ixbt.com

Western Digital kompaniýasy, SanDisk markasy bilen tanalýan, ýokary öndürijilikli WD_BLACK SN8100 NVMe SSD ýat saklaýjysyny hödürledi. Bu enjam häzirki zaman PCIe Gen 5.0 interfeýsini ulanyp, iň talap edýän ulanyjylar — oýunçylar, mazmun döredijiler we emeli aň esasly programmalar bilen işleýän hünärmenler üçin niýetlenendir. Olar üçin ulgamyñ ýokary tizligi we çalt jogap bermegi örän möhüm bolup durýar.

Täze SSD 14 900 MB/s çenli okamak tizligini görkezmäge ukyplydyr we 8 TB-a çenli dürli kuwwatly görnüşlerde elýeterli bolar. WD_BLACK SN8100 enjamynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri onuň energiýa tygşytlaýjylygydyr: öndürijiniň maglumatyna görä, ol PCIe Gen 4.0 esasly ýokary öndürijilikli SanDisk SSD-leri bilen deňeşdirilende 100% has tygşytlydyr. Bu bolsa energiýa sarp edilişiniň (ortaça 7 Wt-dan köp däl) optimizasiýasy we öňdebaryjy SanDisk BiCS8 TLC 3D CBA NAND tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen mümkin boldy.

Okamak tizliginiň ýokarylygyna goşmaça, bu SSD 14 000 MB/s çenli yzygiderli ýazmak tizligini we tötänleýin elýeterlilikde ýokary öndürijiligi (2–4 TB model üçin 2 300 000-den gowrak IOPS) görkezýär. Bu bolsa PCIe Gen 4.0 interfeýsini ulanyp bilýän meňzeş enjamlaryň okamak tizliginden iki esse ýokarydyr. Şeýle-de, bu SSD-niň ýokary durnuklylygy we çydamlylygy ony ýokary çözgütli wideo redaktirleme we uly maglumatlar bilen işlemek ýaly köp serişde talap edýän wezipeler üçin ygtybarly çözgüt edýär.

Sowadyş zerurlygy bolan ulanyjylar üçin SanDisk anodirlenen alýumin pasiw radiator bilen üpjün edilen, RGB yşyklandyryşy sazlap bolýan WD_BLACK SN8100 NVMe görnüşini hödürleýär. Bu model estetiki taýdan ulgamy sazlamak üçin hem amatlydyr. Bildiriş edilýän pursatda 1 TB, 2 TB we 4 TB göwrümli modeller $180-den $550-e çenli aralykda elýeterlidir, 8 TB göwrümli görnüşiniñ bolsa ýylyň dowamynda çykarylmagyna garaşylýar. Radiatorly modeller bolsa adaty görnüşinden $20 gymmat bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026