HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary geçirildi we ýeňijiler sylaglandy

Maý 16, 2025 | 10:00 |1529
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilen XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ýeňiji bolanlaryň sylaglandyrylyş dabarasy sportuň ýaşlary jebisleşdirýän, öňdäki bäsleşiklere ruhlandyrýan beýik güýjüniň beýany boldyTürkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilen XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ýeňiji bolanlaryň sylaglandyrylyş dabarasy sportuň ýaşlary jebisleşdirýän, öňdäki bäsleşiklere ruhlandyrýan beýik güýjüniň beýany boldy
Çeşme: education.gov.tm

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilen XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ýeňiji bolanlaryň sylaglandyrylyş dabarasy sportuň ýaşlary jebisleşdirýän, öňdäki bäsleşiklere ruhlandyrýan beýik güýjüniň beýany boldy. Bu barada TBM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Sport ýaryşlarynyň jemleri

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda:

1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary

2-nji orun - Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary

3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary

Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:

1-nji orun - S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary

2-nji orun - Aşgabat syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary

3-nji orun - Aşgabat mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:

1-nji orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary

2-nji orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy topary

3-nji orun - Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda:

1-nji orun - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary

2-nji orun - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndy topary

3-nji orun - Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýygyndy topary

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda:

1-nji orun - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary

2-nji orun - Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary

3-nji orun - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda:

1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary

2-nji orun - Lebap welaýatynyň ýygyndy topary

3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026