HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Maý 14, 2025 | 15:10 |4301
Hususan-da, taraplar Turgundy gury portunda amaly işleriň başlamagy, düşürmek we ýüklemek üçin täze ammarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy, Mazari-Şerif – Hyrat we Hyrat - Gandagar ugurlaryny jikme-jik öwrenmek we taslamasyny düzmek, şeýle hem Turgundy portundan täjirçilik ugurly ýük daşamalaryny artdyrmak maksady bilen bu ýollaryň gurluşygy we demir ýol taslamalaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylarHususan-da, taraplar Turgundy gury portunda amaly işleriň başlamagy, düşürmek we ýüklemek üçin täze ammarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy, Mazari-Şerif – Hyrat we Hyrat - Gandagar ugurlaryny jikme-jik öwrenmek we taslamasyny düzmek, şeýle hem Turgundy portundan täjirçilik ugurly ýük daşamalaryny artdyrmak maksady bilen bu ýollaryň gurluşygy we demir ýol taslamalaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çeşme: Bakhtar news

Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Jemgyýetçilik işleri ministri Mohammad Issa Sani bilen Owganystandaky infrastruktura taslamalary we ýol gurluşygy barada pikir alyşdy.

Hususan-da, taraplar Turgundy gury portunda amaly işleriň başlamagy, düşürmek we ýüklemek üçin täze ammarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy, Mazari-Şerif – Hyrat we Hyrat - Gandagar ugurlaryny jikme-jik öwrenmek we taslamasyny düzmek, şeýle hem Turgundy portundan täjirçilik ugurly ýük daşamalaryny artdyrmak maksady bilen bu ýollaryň gurluşygy we demir ýol taslamalaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada 13-nji maýda “Bahtar” habarlar agentligi Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Ministriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Owganystandaky köp sanly demirýol taslamalarynda gözleg we taslama işleri alnyp barylýar hem-de bu pudaga maýa goýup biljek ýerli we daşary ýurt maýadarlaryna gowy maýa goýum şertleri döredilýär.

turkmenistan-afganistan-infrastructure-projects.jpg

Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan infrastruktura taslamalarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy we Turgundy – Hyrat demir ýoly Owganystan üçin möhüm üstaşyr ýoly hökmünde häsiýetlendirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026