HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskdäki metbugat-syýahaty ÝYB we GDA ýurtlarynyň žurnalistlerini birleşdirdi

Maý 05, 2025 | 14:35 |36873
Ermenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan ýaly döwletleriniň žurnalistleri Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Maglumat ministrligi tarapyndan gurnalan metbugat syýahatyna gatnaşýarlarErmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan ýaly döwletleriniň žurnalistleri Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Maglumat ministrligi tarapyndan gurnalan metbugat syýahatyna gatnaşýarlar
Çeşme: e-cis.info

Ermenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan ýaly döwletleriniň žurnalistleri Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Maglumat ministrligi tarapyndan gurnalan metbugat syýahatyna gatnaşýarlar. Sowet halkynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre 4-10-njy maý aralygynda geçiriler diýip, Maglumat ministrligine salgylanyp “BELTA” habar berýär.

Ýurt bilen tanyşmak Minskidäki gezelençden başlandy. Gatnaşyjylar Belarusyň Milli kitaphanasyna, “Ilkinji milli söwda öýi” (Першы нацыянальны гандлевы дом) söwdä merkezine, “Minskiniň sagat zawody” AGPJ-ne we paýtagtyň beýleki ýerlerine baryp gördüler. Bir hepdelik syýahatyň baý maksatnamasy şähergurluşyk kärhanalara, taryhy-medeni miras ýadygärliklerine we şöhratly söweş ýerlerine baryp görmekli öz içine alýar.

Milli çeşmelere görä, 1941–1945-nji ýyllaryň dowamynda ilatynyň üçden birini ýitiren Belarusyň dürli künjeklerinde simwoliki ýadygärlik toplumlary döredilip, bu pajygaly we gan döküşikli söweşiň wakalaryna bagyşlanan ýadygärlikler guruldy. Häzirki wagtda ýurtda, şol sanda onuň paýtagty Minskide 9 müňe golaý ýadygärlik we Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gerçekleriň mazarlary bar. Olar harby-taryhy ýollaryň we gezelençleriň bir bölegi, ýöne iň esasysy – wepat bolan gerçeklere hormat goýmak üçin mukaddes ýer bolup, parahatçylygyň gymmatlydygy barada ebedi ýatladýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026