HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TNGIZT täze önümçilik kuwwatlyklaryny ulanyşa girizmäge taýýarlanýar

Maý 02, 2025 | 15:15 |5365
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) möhüm desgalaryň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) möhüm desgalaryň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Çeşme: tngizt.gov.tm

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) möhüm desgalaryň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan birnäçe ugurlar boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna barýan ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine, hususan-da, ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýol belgileriniň, yşyklandyryjylaryň täzelenmegine aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, topluma degişli myhmanhanalarda myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Munuň bilen birlikde, wise-premýeriň çykyşynyň esasy bölegi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky desgalaryň gurluşynyň tamamlaýjy tapgyry baradaky hasabaty boldy. Bu toplum sebitiň iri nebti gaýtadan işleýän kärhanalaryň biri bolup, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm orun tutýar. Täze desgalaryň gurluşynyň tamamlanmagy TNGIZT-iň önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmäge hem-de öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026