HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wýetnamda hytaý maýadarlaryñ gyzyklanmasy artýar

Aprel 16, 2025 | 11:50 |3597
Soñky ýyllarda Wýetnam diñe bir önümçilik ugry boýunça däl, eýsem gozgalmaýan emläk we ýokary tehnologiýalar babatynda hytaý maýadarlary üçin özüne çekiji ugurlarynyñ birine öwrüldiSoñky ýyllarda Wýetnam diñe bir önümçilik ugry boýunça däl, eýsem gozgalmaýan emläk we ýokary tehnologiýalar babatynda hytaý maýadarlary üçin özüne çekiji ugurlarynyñ birine öwrüldi
Çeşme: vchina-job.com

Soñky ýyllarda Wýetnam diñe bir önümçilik ugry boýunça däl, eýsem gozgalmaýan emläk we ýokary tehnologiýalar babatynda hytaý maýadarlary üçin özüne çekiji ugurlarynyñ birine öwrüldi. Bu barada Wýetnamyñ Maliýe ministrliginiñ Demirgazyk maýa goýum hereketiniñ maglumatlar we goldaw merkeziniñ ýolbaşçysynyñ orunbasary Wan Dyk Fu, Wan Týanýuý hytaý žurnalisti bilen geçiren söhbetdeşliginde belledi.

Onuñ aýtmagyna görä, hytaý maýadarlary Wýetnamdaky täsirini giñeletmek boýunça durnukly gyzyklanma bildirýärler. Olary maýa goýum ýeñillikleri we iş güýjüne bolan pes çykdajylar özüne çekýär.

"Biz yzygiderli, her hepde diýen ýaly Hytaýyñ wekiliýetlerini we aýratyn maýadarlaryny kabul edýäris" - diýip, Wan Dyk Fu belledi. Munuñ bilen birlikde, wýetnam tarapy Hytaý bilen Wýetnamyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ bäsdeşlik däl-de, hyzmatdaşlyk esasynda gurulýandygy barada nygtaýar.

"Biz Hytaýa strategiki hyzmatdaş, goñşy we möhüm egindeş hökmünde garaýarys. Olaryñ, esasan hem, ýokary tehnologiýalar babatda köp ýyllyk tejribelerini öwrenmek möhümdir" - diýip, Maliýe ministrliginiñ wekili goşmaça belledi. Onuñ aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda Wýetnamyñ hökümeti ýokary tehnologiýalar pudagynyñ ösüşine bil baglaýar.

Bu pudaga çekiljek hytaý maýa goýumlaryna bolsa, iş orunlaryñ döredilmegine we öñdebaryjy bilimleriñ geçirilmegine ýardam berjek möhüm faktor hökmünde garalýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026