HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli aňyň zähmet bazarynda ösýän ugur hökmünde öňe çykmagy

Aprel 06, 2025 | 13:30 |4015
Emeli aň adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda hünär uguryna hem barha işjeň aralaşýar. Muny “LinkedIn” platformasynyň “Jobs on the Rise 2025” atly hasabatynda çap edilen maglumatlar tassyklaýarEmeli aň adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda hünär uguryna hem barha işjeň aralaşýar. Muny “LinkedIn” platformasynyň “Jobs on the Rise 2025” atly hasabatynda çap edilen maglumatlar tassyklaýar
Çeşme: walaw.press

Emeli aň adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda hünär uguryna hem barha işjeň aralaşýar. Muny “LinkedIn” platformasynyň “Jobs on the Rise 2025” atly hasabatynda çap edilen maglumatlar tassyklaýar. Bu hasabatda 2022-nji ýylyň ýanwaryndan 2024-nji ýylyň iýuly aralygynda 21 döwletiň hünär ösüşleri seljerilip, dünýäniň zähmet bazarynda tehnologiýalaryň öňde saklanylýandygy görkezilýär.

Hasabata görä, emeli aň häzirki wagtda zähmet bazarynda öňde barýar we birnäçe ýyl mundan ozal bolmadyk täze hünär mümkinçiliklerini hödürleýär. Sanawyň başynda “Emeli aň inženeri” we “Emeli aň boýunça maslahatçy” ýaly wezipeler durýar, “Emeli aň boýunça barlag geçiriji” bolsa 12-nji orny eýeleýär. Bu ugurdaky ösüşler, gürrüňdeş bolmaga ukyply, naharlaryň taýýarlanyş usulyny hödürleýän ýa-da suratlary redaktirleýän çatbotlar ýaly tehnologiýalaryň ösmegi bilen düşündirilýär. Şeýle-de bolsa, käbir tehniki kemçilikler entek ýüze çykýar diýip, walaw.press belleýär. Umuman aýdanyňda, gözden geçirilen 21 ýurduň 15-nde emeli aň inženeri wezipesi iň isleg bildirilýän hünärleriň arasynda öňdäki orunlary eýeläpdir. Tehnologiýa ugrundaky beýleki isleg bildirilýän hünärleriň hatarynda platforma inženerleri, maşyn öwrenmesi we kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler, howp ýüze çykaryjy inženerler hem bar. Jemi hasabatda 26 inženerlik hünäri agzalyp geçilýär.

Çalt ösýän we isleg bildirilýän hünärleriň sanawy diňe bir tehnologiýa pudagy bilen çäklenmeýär. Sanawa “Fizioterapiýa boýunça hünärmen” ýaly adaty bolan hünärler, şeýle-de täze döreýän hünärleriň arasynda iň geljegi uly hasaplanýanlaryň hatarynda adam mümkinçilikleriniň ösüşi we syýahatçylyk konsaltingi bilen baglanyşykly wezipeler hem girizilýär. 12 ýurtda syýahatçylyk boýunça maslahatçylar öňdebaryjy hünärleriň hatarynda görkezilipdir. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklara garşy göreşmek üçin, ekologiýa bilen bagly başarnyklara isleg bütin dünýäde ýokarlanýar. Hasabatda 10 sany “ýaşyl” hünär, şol sanda durnukly ösüş analitikleri we energiýa boýunça maslahatçylar agzalyp geçilýär. Şeýle-de, 6 döwlet ruhy saglyk bilen bagly hünärleri isleg bildirilýän hünärleriň arasynda görkezýär.

LinkedIn bu ýyllyk sanawy geljekki iş dünýäsiniň “ýol kartasy” hökmünde görýar. Kompaniýanyň metbugat beýanatynda 2025-nji ýylyň tendensiýalarynyň ähli ugurlarda ösüşleriň doly derejede amala aşandygyny we häzirki zaman zähmet bazarynda düýpli özgertmeleriň bardygyny görkezýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, hasabatda emeli aň inženerleri ýaly isleg bildirilýän hünärlerde gender deňsizliginiň hem bardygy görkezilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026