HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady netijeleri: Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,3%-e deň boldy

Aprel 05, 2025 | 23:50 |5620
Şu gün, 5-nji aprelde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlendiŞu gün, 5-nji aprelde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlendi
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 5-nji aprelde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlendi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-mart aýlary üçin esasy makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Berlen maglumatlara görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň jemi içerki önüm (JIÖ) 6,3% ýo karlandy.

Ykdysady pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanyldy, şunda ulag we aragatnaşyk pudagy tarapyndan 11.1% ösüş depgini gazanyldy. Söwdada (9,9%), hyzmatlar ulgamynda (8,8%) we oba hojalygynda (4%) möhüm görkezijiler hasaba alyndy. Senagatda ösüş 0,3%-e, gurluşykda bolsa 3,8%-e deň boldy.

Umuman aýdanyňda, 2025-nji ýylyň birinji üç aýynda ýurtda önümçilik mukdary 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,6% ýokarlandy we ähli pudaklarda önümçilik görkezijilerinde oňyn ösüş depgini hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary üçin bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,3%, daşary söwda dolanyşygy 2,9% ýokarlandy. 2025-nji ýylyň birinji üç aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% deň bolup, ep-esli ýokarlandy.

Şeýlelik bilen, berlen maglumatlar 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň esasy makroykdysady görkezijileriniň durnukly ösüşini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026