HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy birinji çärýekde önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdi

Aprel 06, 2025 | 00:30 |6864
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç we energiýa toplumynyň kärhanalary bellenen önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç we energiýa toplumynyň kärhanalary bellenen önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç we energiýa toplumynyň kärhanalary bellenen önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Şeýlelik bilen, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8%, nebit çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,1% ýerine ýetirildi.

Hususan-da, suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9% ösüş depgini üpjün edilip, öndürijiler tarapyndan ýokary netije görkezildi.

Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy hem artygy bilen ýerine ýetirilidi – 107,1% ösüş gazanyldy.

Benziniň öndürilmegi bellenilen meýilnamadan geçip, 102%-e deň boldy.

Dizel ýangyjynyň öndürilişi – 100,8%-e, çalgy ýaglary – 100,4%, polipropilen - 100,1% berjaý edildi.

Prezident wise-premýere gözleg burawlaýyş işlerini, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça hem-de uglewodorod çig malynyň eksportyny giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026