HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Daşkentde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasyna gatnaşýar

Aprel 06, 2025 | 16:50 |6856
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, 5-nji aprelde Özbegistanyň paýtagtynda açylan Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde saparda boldy.Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, 5-nji aprelde Özbegistanyň paýtagtynda açylan Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde saparda boldy.
Çeşme: mejlis.gov.tm

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, 5-nji aprelde Özbegistanyň paýtagtynda açylan Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde saparda boldy.

Saparyň dowamynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti Tulia Akson bilen duşuşdy.

OpMSbANqDLv1mXFNEGNVcGDHX6tm8sxQNZbgb9Kj.jpg

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň ýolbaşçy düzümini ýurduň parahatsöýüjilikli ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmäge uly gyzyklanma bildirdi.

Türkmen wekiliýeti şeýle hem Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşdy diýip, Mejlisiň web sahypasynda habar berilýär.

gV2ovRVXHCDseLLEhXU1SxZXga3CtrKXdgcDUNXi.jpg

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamalaryň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň bütindünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň başlygy Baýramgözel Myradowa Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde guralan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy.

xauRF9QXbzxwegBSdLNNjdWFlSb3AK1tiuPED3vI.jpg

Türkmen tarapy Forumyň dowamynda özüniň eden çykyşynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, gender deňliginiň üpjün etmek, ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak we olary goldamak babatda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada belledi. BMG we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021–2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylýan netijeler barada nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026